.ೃ࿐⦑A⦒ý⦑n⦒⦑a⦒𓆩༢࿔ྀુ
13.03.2022 00:23
Sapak aldym durmuşdan😑
Hakykatym şu ýaşanja ömrümde😔
Mekdepden däl, sapak aldym durmuşdan
Käte şatlyk, käte gussa göwnümde
Mekdepden däl, sapak aldym durmuşdan
🕊❤🕊❤🕊❤🕊❤🕊❤🕊❤🕊❤
Goýup bildim, ak hem gara serhedi
Bildim ýagşy ýaman aňym berkedi
Tanadym dostumy, duşman herkesi
Mekdepden däl, sapak aldym durmuşdan
🕊❤🕊❤🕊❤🕊❤🕊❤🕊❤🕊❤
Öwrendim köp zady alýarkam demim
Bolup öz-özüme dermanym emim
Bildim artygymy, bildim hem kemim
Mekdepden däl, sapak aldym durmuşdan
🕊❤🕊❤🕊❤🕊❤🕊❤🕊❤🕊❤
Bu dünýäniň çuňlugyna göz ýetirdim
Kime gysga kime uzyn setirdim
Kimlere tyg, kimlere gül getirdim
Mekdepden däl, sapak aldym durmuşdan
🕊❤🕊❤🕊❤🕊❤🕊❤🕊❤🕊❤
Ýaş başymda ençe oýlar daşadym
Käte ýanyp, käte bolsa üşedim
Ömür ýola gör nämeler düşedim
Mekdepden däl, sapak aldym durmuşdan🕊❤🕊❤🕊❤🕊❤🕊❤🕊❤🕊❤
Haýran bolup çar ýanyma garaýan
Käte haýal käte batly ýöreýän
Näm bolsada öz başymy çaraýan
Mekdepden däl, sapak aldym durmuşdan
🕊❤🕊❤🕊❤🕊❤🕊❤🕊❤🕊❤
9
88
.ೃ࿐⦑A⦒ý⦑n⦒⦑a⦒𓆩༢࿔ྀુ
13 Mart 2022
Sonagyz,😊🤗
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.