Begench Malikgulyyew
28.01.2020
Bilim.
102
20 494

Korono wirusy resmi taýdan habar edildi

Korono wirusynyň ilkinji gezek nirede çykanlygy resmi taýdan habar edildi

Hytaýyň Hassalygy bejeriş we öňüni alyş merkezi tarapyndan edilen görkezmelerde, wirusyň esasy çeşmesiniň wagşy haýwan eti bazarynda bolandygy habar edildi. Bu habar edilýärkä, Koronanyň aslynda bir biologik ýarag bolandygy şübhesi bolsa akyllary garyşdyrdy.

2019 - njy ýylyň soňky aýynda ilkinji gezek Hytaýda görülen we gysga wagtda dünýä ýaýran “Korono” tipli wirus, adamlary gorkuzmaga dowam edýär. 100-den gowrak adamyň ölen we heniz hem karantinada saklanýan birnäçe şübhelilerde bolan wirus barada işler dowam edýän bolsada, gynansakda gerekli çäreler doly ýagdaýda alynmady. Wirusyň bedene gireninden soňra birnäçe wagt täsir etmezligi bolsa işleri kynlaşdyrýar.

Häzirki wagtda esasan-da Hytaýyň teretoriýasy we Hytaýly ýolagçylaryň ýygy-ýygydan göçýän ülkeleri tiken üstünde oturana meňzeýär. Çünki bu wirusyň bejergisi häzirlikçe ýok we adamdan adama howa ýollary arkaly ýokuşýar. Üste-üstüne bu wirusy özüne kabul edenler duran ýerlerinde ýykylyp galýarlar we käwagt ähli işler netijesiz bolýar. Adamlar bu wirusyň täsiri bilen gysga wagtda aradan çykýarlar.

Häzir bolsa bu öldüriji wirus bilen baglanyşykly bir täzelik boldy. Hytaýyň Hassalygy bejeriş we öňüni alyş merkeziniň işgärlerinden gelen gelen resmi görkezmmeler bilen wirusyň ilkinji gezek orta çykan ýeri belli boldy. Hünärmenler tarapyndan görkezmelere görä Korono wirusy Wuhanda ýerleşýän wagşy haýwan etleriniň satylýan bazarynda ýüze çykdy. 

Wuhandaky bazarda: ýylan, möjek çagasy, tawus guşy we syçan ýaly haýwanlaryň etleriniň satylýandygy bilinýär. Bu hem wirusyň orta çykan güninden bäri sosial media platformalarynda paýlaşylýan wirusyň çeşmesiniň Hytaýyň iýmitleniş medeniýeti bilen bagly bolýandygy dogrulanýar. Wirus, çaklamalara görä wagşy haýwan etine birleşeni we etleriň iýilmegi bilen adama ýokuşdy. 

Bu wakalar bolýarka we Hytaýda ünsi çekýän görkezme edilýän wagtynda, orta has hem howply şübhe çykaryldy. Öňki Ysraýyl esgeri we harby aňtawçy Dany Shoham, uly jedelleşmä getirjek maglumat bilen düşündiriş berdi.  Shoham, haýwan merkezli bu wirusyň Wuhan-da edilen gizlin biologik ýarag meýilnamasynyň laboratiraýada ýasalyp biljekdigini aýdyp geçdi.

Shoham, esgerlik kariýerasyndan başga-da ol biologiki urşyň analizatory. Bu sebäpli eden gürrüňlerini bilen ses getiren Shoham, Wuhan wirusologik institutynda bilinýän wirus gözlemek laboratoriýasynyň aslynda başgaça maksatlar üçin ulanylýandygyny aýdyp geçdi. 

Shoham-a görä institutda ýerleşýän laboratoriýalaryň bir bölümi, biologiki ýaraglaryň Ar-Ge işlerini etmek üçin ulanylýar.

Hytaý bugüne çenli eden görkezmelerinde ellerinde howply biologiki ýaraglaryň ýokdugyny aýtdy. Emma geçen ýyl orta çykan Hytaýyň Daşary Işler habarnamasy, Hytaýda hüjüm etmek maksatly biologiki ýaraglaryň bardygyny habar berdi. Hat-da bu meselede dürli ülkeler, ilçihanalaryň üsti bilen beýle ýaragyň barlygyny ýoklugyny öwrenmek isledi emma, ülkeleriň bu ýagdaýa  garaýşy pes geldi we mesele ýapyldy.

Esasy zady aýdanymyzda institutyň Korono wirusy bilen baglanyşygynyň bolup bolmadygy hakynda takyk bir zat aýtmak mümkin däl. Hünärmenler hem bu ýagdaýa doly ynamly bolmandyklary üçin belli bir zat aýtmaýarlar. Emma resmi habarlara görä agzalyp geçilen bazaryň , Wuhan wirusologik institutyna 32 km aralykda bolmasy, akyllarda sorag yşaratyny oturtman duranok.

Alnan çeşme: https://www.webtekno.com/corona-virusu-nerede-cikti-h84593.html

Goşmaça habarlara görä ýatlatsak, sosial medialarda köp adamlaryň ýazýan teswirlerde Hytaý hökümeti ýurtda ilatyň aşa artandygy sebäpli, ilat sany azaltmak üçin bu wirusy döredipdir.  Bu bir çaklama takyk habar däl.



Myhman Myhman
24 Iýun 2022
👍👍👍👍👍👍👍
halmyrat_gmail_com
4 Aprel 2022
Gülşat Ataýewa,turkler onarypdyrlar virus dine hytayda bar

Şahyrjyk,gosgy duzyanmi

Myhman Myhman, hakyky sula

Nâzlije,olam dogry welin

Myhman Aliya,omin insalla
Myhman Myhman
26 Fewral 2022
Gulsat Atayyewa gelneje ol yurt hytay ya da basga yurt bolmaly hytaydan her zada garasaymaly karavirusam hytaykar cykardy
Halanysayla
5 Fewral 2022
Hytaylan gunasi yok otayda biderik guna tapman hayvanlanam Iymeyan zady yokdyr
Myhman Myhman
30 Noýabr 2020
Hytaydan hemme zat çykya name gerek mör möjek eti sygyryn etini iyde otur
Myhman Myhman
17 Mart 2020
Türkmenistana gelmesin HUDAÝJAN
Myhman Myhman
1 Mart 2020
Bir zady

Biliñ yone. Oyun klaş yapdyrylan bolsady has oñat . Klaş Haram ! Hazir millionlarca adamlar klaş oynaya Ey doslar Alla gorup dur name edip otyranyny. Klaşda Kabe bar Hemde Allanyñ ady bar bir topar adam sulary yykmak ucin cozyalar Alla gorup dur sonuñ ucin Korona wirus doredi

Belki Allanyñ gudraty bln korona wirus dorandir. Klaş oynayanlar ucin

Alla beterinden saklasyn bizi
Myhman Myhman
18 Fewral 2020
Alla badyr!!!!
GaxrymaN
17 Fewral 2020
gaty dogry, gelibersin yoly acyk bolsun, il bilen gelen toyda bayram?
Myhman Myhman
11 Fewral 2020
Aaa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.