“Geçmişimi iýdim çörege çalyp,
Göwnüm ajyja zat küýsän mahaly.” ...
Mukam Muhamow
Äht-kasamym ýokdy kimsäň öňünde,
Andam däldi, bar içýänim meýdi meň.
Düýrläp zyňdym ýazjak bolanlarymy,
Zyňşym ýaly arzuwlarmyň meýdinem.
Deger ýokdy etsem-petsemlerimde,
Kör-köpükdi olaryň bar bahasy.
Gülkülermi ýanap iýdim nahara,
Göwnüm ajyja zat küýsän mahaly.
Doglan günüm püre-pürläp bulgury,
Orslar ýaly matam baglap, ýas tutdum.
Gatnaýanym diskoteka bolsa-da,
Diňläp-diňläp, “Keçpelegi” ýat tutdum.
Goh-jenjelden gaça durdum
(Gursagyň
gowgasyndan tapmasamam çykalga),
Assa-ýuwaş öwrenişip bar zada,
Ömri külterledim ýykma-ýykylma.
Güýze, gyşa höwür bolup soň-soňlar,
Küýsemämi goýdum tomus, bahary.
Gussalarmy garyp içdim çaýyma
Göwnüm süýjüje zat küýsän mahaly.