N.T.
11.03.2022 00:34
Her bir adamyň bilmeli iň abraýly baýraklarynyň sanawy

Haýsy ugurdan bolsa-da, ussatlyk mydama sylaglanmaly. Syýasatçylardan başlap ýazyjylara çenli, belent sepgitlere ýeten adamlara baýraklar berilmeli.

Baýraklar bir kompaniýa, birleşme, hökümet edarasy, žurnal ýa-da halkara gurama tarapyndan berilýär we onuň 3 tarapy hem, ýagny, haýsy baýrak, kime, kim tarapyndan berilýänligi möhüm. Käbir baýraklaryň maddy gymmaty bar bolsa, käbirleri diňe tanymallyk getirýär. 

Ine baýraklaryň iň abraýlylary

Nobel baýragy

Nobel örän abraýly baýrak. Ol dinamiti oýlap tapan Şwesiýaly alym, Alfred Nobeliň adyny göterýär. Alfred Nobel oýlap tapyşynyň erbet zatlara ulanylanylmagynyň öwezini doldurmak niýeti bilen gumanitar ylmy tagallalary höweslendirmek isläpdir. Şonuň üçinem baýlygynyň köp bölegini bu baýragy maliýeleşdirmek üçin sarp edipdir.


Pulitzer baýragy

Döwrüniň sylanýan žurnalistleriniň biri Jozef Pulitzer tarapyndan döredildi we Amerikanyň çäklerinde geçirilýär. Gazet, žurnal, onlaýn žurnalistika, edebiýat we aýdym-saz kompozisiýasy ugurlarynda 21 kategoriýa bar. Şolaryň 20 kategoriýasynyň ýeňijileri sertifikat we 15.000$ bilen sylaglandyrylýar. Jemgyýetçilik hyzmaty kategoriýasynyň ýeňijisine bolsa, altyn medal berilýär.

Altyn Globus baýragy

Film we telewizor pudagyndaky üstünlikleri sylaglandyrýan bu baýrak, 1944-nji ýylda berlip başlandy.

BAFTA baýragy

BAFTA açylyşy British Academy of film and television arts, ýagny Britan Kino we Telewideniýe Sungaty Akademiýasy. Köplenç ýylyň fewral aýynda, Oskarlardan öň geçirilýär.

Oýlap tapyş baýragy (Breakthrough Prize)

Bu baýrak 2012-de halkara derejesinde berlip başlandy we 3 kategoriýasy bar. Her kategoriýanyň ýeňijisi 3 million dollar pul baýragy bilen sylaglandyrylýar. Baýragy maliýeleşdirýänleriň arasynda Mark Zuckerberg, Jack Ma, Sergey Brin we Ma Huateng ýaly adamlaryň gaznalary bar.

Telewideniýede görkezilmeginiň sebäbi hem üstünlikleri bellemek we ýaşlary höweslendirmek.

Elbetde mundan başga-da abraýly baýraklar az däl, emma şu baýraklardan birine mynasyp bolan adam, dünýäniň hazynasy hasap edilýär.

Grammy baýragy

Grammy 1959-njy ýyldan bäri aýdym-sazyň iň uly gijesi diýlip bilinýär. Baýrak gijesinde belli aýdymçylardan çykyşlar bolýar.

Käbir sungat işgärleri (esasan hem rapçileriň köp bölegi) Grammyniň adalatsyzdygyny öňe sürse-de, bu baýraga köpçülik tarapyndan örän uly ähmiýet berilýär.

Akademiýa baýragy (Oskar)

Kino sektorynyň iň köp garaşylýan we bellenilýän baýragy Oskar bolup, bu baýragy almak aktýorlar we aktrisalar üçin iň uly abraýdyr.

Oskar 1929-njy ýyldan bäri bar.

Booker baýragy

Man Booker baýragy diýlip hem tanalýan, 1969-dan bäri iňlis dilinde gürleýän ýurtlardaky “Iňlis Dilindäki Iň Gowy Roman” kategoriýasynda gowşurylýan baýrak. Aýratynlyklarynyň ýene biri hem kitap Beýik Britaniýada ýa-da Irlandiýada çap edilen bolmaly.

Baýrak şeýle abraýly, sylaglandyrylman, sanawyna girmek hem uly dereje hasap edilýär.


Palme d’Or (Kan/Cannes)

Palme d’Or altyn palma diýmek. 1955-den başlap her ýyl kino režisýorlarynyň sylaglandyrylýan, iň prestižli film festiwaly.

Brits baýragy

Britaniýada 1977-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Britaniýanyň iň sylanýan we ähmiýetli aýdym-saz baýragy

_______^^^^^___^^^^___^^___^^^^___^^^^

Baýraklar ilkinji gezek 1901-nji ýylda berildi. Häzir, ekonomika, himiýa, parahatçylyk, edebiýat, fizika we fiziologiýa/medisina ugurlaryndaky adamlar her ýyl sylaglandyrylýar. Nobel baýragy örän ygtybarly, sebäbi ýeňijiler ünsli saýlanýar we proses uzyn.


• Çeşme: bscholarly.com
9
73
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
11 Mart 2022
👍👍👍👍👍👍👏
N.T.
11 Mart 2022
Shir✍️,berekella onda👏👍,,Adam arzuwsyz bolmaz ,gush ganatsyz " diýipdirler ahyry;)Arzuw etmeýän adam ýokmyka diýýän🙃

B.....,maña-da ýetirsin😉☺☺
N.T.
11 Mart 2022
B.....,👏👏👍👍geljekde Nobel bayragyñ eýesi BAHAR dp adyñyz tutulsyn onda😉😊
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎,👏👍
Shir✍️
11 Mart 2022
"Nobel"Iñ köp eşidýänimä şol;men hereket edenimi gowy görýän,hyýal edenimden👍
N.T.
11 Mart 2022
Aýgözel,geljekde Nobel bayragyñ eýesi Aygõzel dp adyñyz tutulsyn onda😉😊
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
11 Mart 2022
1. Nobel, 2. Hiçbiri, 3. Bilemok
N.T.
11 Mart 2022
Aýgözel,Teswir ýazanyñyz un sag boluñ.Dogry iñ kop ady tutulýan baýraklaryn biri:)Sanawda 1nji yerde biderekden hem duranok😋😊👍
Aýgözel
11 Mart 2022
Nobel bayragyn eyesi bolmak islardim sebabi in kop esdyanimem sol
N.T.
11 Mart 2022
📝📝📝Täze post🔔🔔🔔

"Her bir adamyñ bilmeli iñ abraýly baýraklaryñ sanawy".

Sìze şu post bilen bagly soraglarym bar.
Soraglar:
#1)Şulardan iñ köp adyny eşitýäniñiz haýsy???

#2)Haýsy baýrak sizi geñ galdyrdy,ünsüñizi çekdi???

#3)Haýsy baýragyñ eýesi bolmak islärdiñiz???

Jogaplaryñyza ,pikirleriñize garaşýan!:)))
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.