𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
10.03.2022 19:36
Meşhur markalaryň arasynda bolan "Microsoft" hakynda täsin we gyzykly maglumatlar:

"Marka" atly post zynjyrymyzyň 8-nji postunda sizlere "Tehnologiýa ägirdi Microsoft hakynda gyzykly maglumatlary jemledim.

Microsoft ABŞ-da ýerleşýän tehnologiýa kompaniýasy hökmünde tanalýar.

1975-nji ýylda mekdebi taşlan 2 uniwersitet talyby Pol Allen we Bill Geýts tarapyndan döredilen Microsoft häzirki wagtda dünýädäki iň uly tehnologiýa ägirtlerinden biridir. Ine, ägirt uly kompaniýa hakda az bilinýän maglumatlar...

1. Microsoft adynyň gelip çykyşy:

Microsoft, mikrokompýuter diýmegi aňladýan "micro" we programma üpjünçiligi diýmegi aňladýan "soft" sözleriniň birleşmesidir.

2. Döreýşi

Microsoft, 1975-nji ýylyň 4-nji aprelinde Nýu-Mekoda Pol Allen we Bill Geýts tarapyndan esaslandyryldy. Noýabr aýynda hasaba alnan bu kompaniýa 1976-njy ýylda ilkinji uly müşderisi bilen duşuşdy.

3. Işgärlerine Softie diýilýär

Microsoft-yň işgärlerine "Softie" diýilýär. Sözüň türkmençe manysy "ýumşak ýürekli" diýmekdir.

4. Aýlyk köp berilýär

Microsoft işgärlerine ortaça ýylda 100 müň dollar töleýär. Kompaniýa iň ýokary aýlygy işläp düzüjilere berýär, ýylda 1 million dollar. Kompaniýadaky iň pes aýlyk, her ýyl 80 000 dollar alýan tehniki hasap dolandyryjylaryňkydyr.

5. Köp adam Microsoft-da işleýär

Microsoft-da jemi 144,106 adam işleýär. Kompaniýanyň işgärleriniň 76% -i erkekler, 24% -i aýallar.

6. Microsoft öz işgärlerine mugt içgiler we iýmit hödürleýär.

Her gün 35 müňden gowrak içgi içilýär we şol bir wagtyň özünde işgärler pitsa iýmegi has gowy görýärler.

7. Bagtly işgärler

Microsoft işgärleri her ýyl M&M süýjüleri bilen sylaglanýar. Kompaniýada ortaça on ýyl işlän “Softie” 10 kg süýji alýar.

8. Täsin soraglary

Microsoft, birini işe almazdan ozal iň täsin soraglary berýär.

9. Açyp bilmejegiňiz Bukjalar (papkalar)

Windows operasiýa ulgamy: "CON, PRN, NUL" bukjalaryny döretmäge we giňeltmeler goşmaga mümkinçilik bermeýär. Sebäbi bu bukjalar kompaniýa tarapyndaky käbir ulgam işgärleri tarapyndan ulanmak üçin saklanýar.

10. Microsoft'uň patentleri

Microsoft her ýyl 3000-den gowrak täze programma üpjünçiligini döredýär. Jemi 10 000-den gowrak patenti bar.

11. Xbox adyny nirden alýar?

Dünýädäki ikinji uly oýun konsoly, Microsoft tarapyndan öndürilen Xbox, adyny Microsoft tarapyndan işlenip düzülen grafika programma üpjünçiligi DirectX-den alýar.

12. Microsoft we satyn alan şereketleri

Microsoft 2014-nji ýyldan şu güne çenli takmynan 8 milliard dollara satyn alnan Nokia ýaly täsirli 190+ kompaniýany satyn aldy

Posty haladyňyzmy? "Marka" dowam etmelimi?
Hawa👍/Ýok👎
Teswirlere garaşýan
12
76
Şadyýangözel🌺
11 Mart 2022
👍👍👍👍👍👍👍👍👍
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
11 Mart 2022
LORD, 👍
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
10 Mart 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
N.T.
10 Mart 2022
Ishe geçaymelimi shu yere☺☺☺
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
10 Mart 2022
Täze post: Marka 8: Microsoft hakynda gyzykly we täsin maglumatlar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.