...M...
10.03.2022 16:53
Maýyl olmañ bu dünýäge, dostlarym,
Barça mundan oña barsa gerekdir.
Owwal aman, ahyr iman istärem,
Hak gulnuñ myradyn berse gerekdir.

Bir gün Kap dagyndan Hardeçjal çykar,
Bezäp eşegine, zümerret dakar,
Ýa Mäti öñünden tuguny diker,
Söweşip, Deçjaly gyrsa gerekdir.

O şol dagda Deçjal bezana döner,
Ýañy başdan diniñ çyragy ýanar,
Medinede Isa asmandan iner,
Sap gurup, meýdanda dursa gerekdir.

Asmandan Jebraýyl olara geler,
Mäti bilen Isa jahany alar?
Medine şährinde patyşa bolar,
Kyrk ýyllap döwrany sürse gerekdir.

Kyrk ýyldan soñ olar kylyrlar sapar,
Giýalar gurap hem derýalar kepär,
Ýajuj-Mäjuj diýrler, mugjuza gopar,
Magrypdan maşryga ýörse gerekdir.

Paş eýlärem, bir sözüm bar diýmäge,
Tillerim öwrülmez any aýtmaga,
Jahan guryp, närse galmaz iýmäge,
Bir-biriniñ ganyn sorsa gerekdir.

Ýagmyr ýagar, ýeriñ ýüzün suw alar,
Weýran bolup, beýik daglar öwrüler,
Haýwan, ynsan galmaz, barçasy öler,
Zamanyñ ahyry bolsa gerekdir.

Ezraýyl öz janyn özi alarmyş,
Barça gidip, Hakyñ özi galarmyş,
Bu jahana dört Perişde gelermiş,
Ysrafyl suruny çalsa gerekdir.

Gögeriban, ýer ýüzüne çykarlar,
Mynapyk, zalymy şol gün ýakarlar,
Hasap eýläp, haýyr-şeriñ çekerler,
Ýa melek mizanyn gursa gerekdir.

Bu pisatlar ýer ýüzüne gelende,
Müňkür ýyglap, mümün bary gülende,
Gabyr ýarylyp, taňla magşar bolanda,
Resul "Ymmatym" diýip tursa gerekdir.

Barçany ýaradan şol gözel Alla,
Diýeweriň "Lä ilähe illalla",
Günäkär ymmatyn Hak Resululla,
Syratdan başlaýyp ýörse gerekdir.

Ymmat bolan, bilgil, syratdan geçer,
Jennet içre köwser şerabyn içer,
Aldanmaň, sopular, pirlerňiz gaçar,
"Dat!" - diýip, Resulga barsa gerekdir.

Magtymguly, serden gitmez dumanym,
Men Haka aşygam, ýokdur gümanym,
Owwal demde aman, ahyr imanym,
Rozy kylyp, bize berse gerekdir.

Magtymguly Pyragy
9
44
Şadyýangözel🌺
11 Mart 2022
👌👌👌👌👌👌👌👌👌👌👌👌👌👌👌
Shir✍️
10 Mart 2022
IDEALLIDER,döredijiligi bilen älemi lerzana salan,beýik şahsyýet👍
ideallider
10 Mart 2022
Endamym tikenekläp gidýär👍🏼
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.