violinist
10.03.2022 11:37
Bir-biregi tanamzogam üýtgeşik,
Ýakyndanam görmändik ýol öterlik.
Emma seni görmek asla gerek däl
Kalbyň gördüm, maňa şolam ýeterlik.

Ýaşymyzyň tapawudam möhüm däl,
Mydam gabat gelse içki dünýämiz
(Öte geçip aýdýandyryn öýdemok,
Başdan meňzeş döredilen dünýä biz.)

Söýen ýürek rahat urup bilermi,
Sen uzakda gözleriňi ýaşlasaň?!
Bilgin, mende geljek sary umyt bar
Ejizligi ýola çykman taşlasaň.

Süýji sözler, süýji arzuw edeli,
Ajy sözler kalba neneň çümmejek?!
Men saňa dagdan beýik bagt bermekçi
Senem ynam berseň birje çümmüjek...
16
146
ylham_gurbanaly
17 Mart 2022
G🌼..,aha bolýa) näme etýäň)
ylham_gurbanaly
17 Mart 2022
G🌼.., @nowca alyyewa diyip durmy)
ylham_gurbanaly
17 Mart 2022
Hawa meniňki)G🌼..,

G🌼.., Salam. Nowçañkyda nirede görüpdiň?)
Myhman Myhman
14 Mart 2022
G🌼 .... , Suratdaky gyz owadan bolsa men oglanyn rolunda oynardymda
owadanjam
10 Mart 2022
❤❤❤❤❤
Dusia
10 Mart 2022
Ylhamyň goşgysy bu... Ses beripdim)
Älem
10 Mart 2022
♥️👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.