Eý, hiç mahal hasyl bolmajak hyýal,
Niçik dözüp bilýäň sen meni gama!
- Biziň aramyzda söýgi mümkin däl,
Dost bolup galaly…-diýýärsiň maňa.
Diýýärsiň:-bu bolşuň geňlärler iller,
Diýýärsiň:-birneme rahatlan, köşeş!
Silmi ol, gaýadan gaýdanda siller,
Gara daglar bilen gurmasa söweş!
Silmi, derelere urunup her ýan,
Hana tapmasa ýa ýitip gitmese?!
Eýsem, söýgümi ol
Salymyn bermän
Bagtyna ýa hasratyna ýetmese?!
-Men saňa dost bolup bilerin diňe-
Diýýäň:-haýyş- sen hem şu ýagdaýda gal!
Ezizim, açygyny aýdaýyn saňa,
Biziň aramyzda dostluk mümkin däl!
Nämä gerek bir-biregi aldamak,
Nämä derkar bize sözlemek ýalan!
Sen maňa dost bolup seretseň her çak,
Men bakaryn aşyk gözlerim bilen!
Ynjasaň-da, begenseň-de näler sen,
Bu duýgy-baýlygym, alyp giderin.
…Sen meni ýigrenip garrap galarsyň,
A men seni söýup ölüp giderin!
Tirkeş Sadykow.