Bu sorag Albert Einstein tarapyndan taýýarlanyldy. Bu soraga dünýä ilatynyň diňe %2-si dogry jogap bermegi başarar diýipdir. Sizem bu %2-niň içindemi. Teswir ýazanyňyzda öwrenýäris. Indi soraga geçeli
(Haýyş paýlaşmaň, hatda dos-joralaryňyz bilen hem 🤫🤫🤐 haýyşşş)
Düzgünler:
1) Bäş sany dürli reňkde öý bar,
2) Her öýde 5 dürli ýurtdan bir kişi oturýar,
3) Bu öýlerde ýaşaýan kişiler
_dürli içgi içýär
_dürli marka çilim çekýär
_dürli haýwan bakýar
4) Çilim, içgi we haýwanlaryň hiçbiri meňzeş däl!
Bize berilen maglumatlar:
1) Iňlis gyzyl öýde ýaşaýar
2) Şwesiýaly it saklaýar
3) Daniýaly çaý içýär
4) Ak öýüň çepinde Ýaşyl öý bar
5) Ýaşyl öýüň eýesi kofe içýär
6) Guş bakýan kişi Pall Mall markaly çilim çekýär.
7) Sary öýüň eýesi Dunhill marka çilim çekýär.
8) Ortadaky öýde ýaşaýan kişi süýt içýär
9) Norwegiýaly birinji öýde ýaşaýar
10) Pişik saklaýan kişiniň goňşusy Blend marka çilim çekýär
11) Dunhill marka çilim çekýäniň goňşusy at saklaýar.
12) Blue Master marka çilim çekýän, arak hem içýär
13) Nemes Prince marka çilim çekýär.
14) Gök öýüň ýanyndaky öýde Norwegiýaly ýaşaýar.
15) Suw içýäniň goňşusy Blend marka çilim çekýär
Sorag: Balyk saklaýan nireli?
Bellik: Soragyň jogabyny Men hem bilemok, internetde soragy tapsaňyzam jogaby tapmarsyňyz, şonda-da internede garamaň, oýunyň gyzygy gaçmasyn. Jogaby tapmak üçin 20 minutlap kelle agyrtdym, we indi çözdüm diýende hemmesiniň ýalňyşdygyny gördüm. Bilýän zadym Norwegiýaly birinji ýagny gyzyl öýde ýaşaýar, Gyzyl öýüň sag tarapynda Gök öý bar. Öwrenmeli, agzalarynyň hem kellesi agyrar :) degişme bir ýana, soragyň jogabyny örän bilesim gelýär, geliň bile pikirleneliň. Gije ýatyp bilmeýän bolmasa :) Teswirlere garaşýan.