violinist
09.03.2022 17:45
Aram-aram sen düýşüme girýärsiñ,
Gamgyn halda, gussalyja keşpde,
Aladaly ýürek biraz giñesin,
Ýygy-ýygy sesiñi bir eşitdir.

Sen bolmasañ asman basýar depämi,
Syn edýärin minutlaryñ togtaşyn,
Bir wagtlar ýetip geljek ajalym,
Üzjek ýaly dañyk duran nogtasyn.

Kemilemde sözleñ bilen çoý meni,
Aýazlarda mähriñ bilen ýylaýyn,
Bir dilegim, iki barmak mañlaýa,
Alla seni ýazan bolsun ylaýym.

Aramyzda körän söýgi ýok, emma,
Teşne kalbym göýä suwsyz meşikdir,
Iñ bolmanda birje minut bolsa-da,
Ýygy-ýygy sesiñi bir eşitdir.


Awtory:Baýram Bejidow
16
64
gena_02
9 Mart 2022
👍👍👍👍🌹
Käbämejem
9 Mart 2022
Öran gowy gosgy❤
gulshatayewa97
9 Mart 2022
Gowy goşgy eken💜
zolushka
9 Mart 2022
Düşünýän ýazgytdan gaçyp bolmaýar, Sen gamlansan meniň ýüzüm gülmeýär, Barlygyňda gözim ýaşa dolmaýar, Nesibämde bolsaň alaryn seni...
owadanjam
9 Mart 2022
💙💙💙💙💙💙
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.