Guljeren
09.03.2022 01:28
TALYP GYZ

Talyp gyz, didäňe didämi dikip,
Bukup ýüregimde gizlinje yşky,
Seň göwnüňe ýetsem diýip, şu gije
Bagyşladym saňa sadaja goşgy.

Kine etme menden waspyň etmesem,
Waspyňa ejiz meň sözlem, aňlasaň.
Kine etme maňa nazar oklaňda
Nazaryňda söýgiň baryn aňmasam.

Söý meni!
Söýgiňi çalaja duýdur!
Duýmasam, gönüläp diýmekden gorkma!
Meni,
iň bolmanda, goşgularymy
Ýürekden ezizläp söýmekden gorkma!
Diňle gursagyňy, belki, ses bardyr,
Şol sese baglanyp, uýmakdan gorkma!
Mende çyndan söýüp biljek ýürek bar,
Ýüregmiň sesini duýmakdan gorkma!
Eger... durmuşyňda özge bar bolsa,
Bu habardan kalbym darka ýarylsa,
Aýtma...
Gizle menden özgä ýardygňy,
Menem gizlärn ýüregimiň ýarygny...

Talyp gyz, didämi didäňe dikip,
Bukup ýüregimde gizlinje yşky,
Giderin men senden örän uzaga,
Ýadygärlik goýup sadaja goşgy...

Sapa HOMMADOW.
26
88
Guljeren
12 Mart 2022
Muhammet.Y, hm mena ukym geldi sag bolun sag aman yatyp turyn
Guljeren
12 Mart 2022
Muhammet.Y, entega yatanmok yone ukym geliba baslady
Guljeren
10 Mart 2022
Myhman Myhman, howa talyp menem
Myhman Myhman
9 Mart 2022
Guljeren , senem talypmy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.