EJE
Eje, sen hakynda şygyr döretsem,
Mähriň setirlerme sygmajak ýaly.
Mähir bilen bir ýylgyryp seretseň,
Daglaryň garlary erejek ýaly.
Şygyr dünýäsine gadam basmagma,
Seniň söýgiň egsilmez güýç berendir.
Çagajykkam aýdyp beren hüwdüleň,
Ylham bolup ýüregime siňendir.
Kitabyň üstünde goýup başymy,
Uklap galan çagym käte gijeler.
Eje, başym sypap, örtüp üstümi,
Çyrany öçürip gidýäň nijeler?
Arzuwçyl gyzyň men, bilýäň ahyry,
Arzuwma ýeterin, senem ynanyaň.
Çagalyk müçesin geçenem bolsam,
Aýazbaba ynanşym deý ynanýan.
Çäksiz yhlas berýän öwütleriňden,
Nusga alyp hyzmat etsem Watana.
«Tüweleme, özüň ýaly yhlasly»
Jümleleri getirerin adyňa.
Ömrüň uzak bolsun, görjegiň gowy,
Maňa bu barlygy peşgeş berenim.
Perzentlik borjumy ödemek üçin
Ömrümboýy hyzmatyňda gezerin.
Öwrenmeliniñ güller yaly owadan gozel gyzlary we gelinleri.Baýramynyz gutly bolsun.Guler ýüzüñiz solmasyn.Durmusynyzam dunýäñizem, bagtynyzam bahar bägulleri yaly owadan bolsun.Gijade galdym... Yene bir gezek bayramynyz bilen.....