TARYHDA YZ GOÝAN ZENANLAR.
Ýazylan wagty: 09 марта 2017 Ýazan Mayichka
Taryhda yz goýan birnäçe beýik zenanlar we olaryñ iñ meşhur sözleri
✔ SAPFO B.e.ö 630-B.e.ö 570 ý.
Taryhyñ bilinýän ilkinji zenan şahyry. Gadymy Gresiýada ýaşap geçen Sapfo öz döwründe aýal hukuklary üçin göreşen jemgyýetçi şahsyýet bolupdyr. Onuñ gahrymanlyk hakda we söýgi lirikasynda ýazan goşgulary häzire çenli gelip ýeten. Paganizm ynanjyna görä ýaşan Sapfonyñ meşhur sözü şudur: "Ölüm erbet zat; serediñ, Tañrylardan belli, eger gowy zat bolsady Tañrylar ilki bilen ölerdi"
✔ KLEOPATRA B.e.ö 69-b.e 30 ý.
18 ýaşynda Müsür melikesi bolan, 9 dilde gepläp bilen Kleopatra döwrüñ iñ güýçli şahyslary Sezar we Markus Antoniýus bilen ýakyn aragatnaşyk gurup, ülkesiniñ dowamatyny saklap bildi. Gözelligiñ simwoly hökmünde hem tanalýan Kleopatra, taryhda iñ güýçli zenanlaryñ biri hökmünde bilinýär. "Meni ýeñmelerine rugsat bermerin" onuñ iñ belli sözüdir.
✔ JANNA D'ARK 1412-1431 ý.
Ýüzýyllyk söweşlerde Angliýa garşy söweşen we on dokuz ýaşynda iñlisler tarapyndan öldürilen Fransuz gahrymany we batyrgaýlygyñ simwoly. On alty ýaşynda öýünden gidip, fransuz goşunyna gatnaşan Janna, ýesir düşen wagty diri ýakylyp öldürilýär. Ömrü barada edebi eserler ýazylan, çeper filmler düşürilen D'arkyñ: "Iñ gowy maslahatçymyz duýgularymyzdyr" sözü bellidir.
✔ HÜRREM SOLTAN 1500-1558 ý.
Şol wagtlar Polşa korollygyna bagly Ukraýinadan getirilen gyrnaklaryñ içinde soltanyñ saraýy üçin saýlanyp, bagtyñ bijesi çykyp Soltan Süleýmanyñ nikasyna giren Hürrem Soltanyñ hakyky ady Anastasiýadyr. Osmanly imperiýasynda 'Aýallaryñ hökmürowanlygy' çagyny başladan Hürrem, 1520-nji ýyllardan ölümine çenli döwrüñ iñ güýçli imperiýasy bolan Osmanlyñ syýasatynda uly rol oýnapdyr. Muhibbi tahallusy bilen türk klaa edebiýatynyñ iñ köp gazal ýazan şahyry bolan Soltan Süleýman eserlerinde aýaly Hürrem Soltany wasp edipdir. Hürremiñ iñ meşhur sözü şu: "Harem dagy näme? Dünýäni men dolandyrjak"
✔ ÝELIZAWETTA I 1533-1603 ý.
"Tañry maña bir aýalyñ ejiz bedenini beren bolsa-da, bir patyşanyñ ýüregine we mädesine eýedirin" diýen Ýelizawettay patyşa Genry VIII-iñ gyzydyr. Asla durmuşa çykmadyk melike Ýelizawetta Angliýany ykdysady-syýasy ýagdaýyny özgerdip, ýurduna taryhynda iñ ajap döwrüni ýaşadypdyr. Ömrüni döwletiñ syýasy-sosial işlerine bagyşlan şa aýal, Iñlis taryhynyñ milli buýsançlarynyñ başynda gelýär.
✔ BEÝIK ÝEKATIRINA 1729-1796 ý.
Rus imperiýasyny döwrüniñ iñ uly güýjine öwüren Ýekatirinañ wagtynda ýüzmüñlerçe inedördül kilometr ýer basylyp alyndy. Söweşler bilen bir hatarda täsirli diplomatiýa ýöredip, taryhyñ akyşyny üýtgeden Ýekatirina şu sözü köp agzapdyr: "Gaty ses bilen öwerin, pyşyrdap käýärin."
✔ FLORENS NAÝTINGEÝIL 1820-1910 ý.
Şepagat uýalygy Günbatar halklarynyñ jemgyýetçilik kadalarynda abraýsyz kär hasaplanýardy. Florens Naýtingeýil ýaşan döwründe bolan söweşlere şepagat uýasy hökmünde gatnaşdy. Gije-gündiz diýmän ýaraly esgerlere medisina kömegini beren Florense "Panus çyraly aýal" diýip at beripdirler. Naýtingeýliñ yhlasy netijesinde şepagat uýalygy iñ hormatly kärleriñ birine öwrüldi. Florens 1860-njy ýylda, London şäherindäki 'Eziz Tomas Gospiteline' bagly ilkinji 'Şepagat uýalygy mekdebini' açdy. Wepat bolanyndan soñ, onuñ doglan güni (12-nji maý) Dünýä Saglyk Guramasy tarapyndan 'Bütindünýä şepagat uýalar güni' diýip yglan edildi. Naýtingeýil üstünliginiñ syryny şu sözler bilen beýan edipdir: "Meni üstünlige äkiden sebäp, ne men birinden ötünç soradym, ne-de biri menden ötünç sorady..."
✔ MERI KÝURI 1867-1934 ý.
Radýologiýa bilimini esaslandyryjy, Nobel baýragyna mynasyp bolan ilkinji zenan, we bu baýraga iki gezek eýe bolan ýeke-täk bilim ynsany. Uranýum elementiniñ üstünde geçiren himiki tejribeleri bilim dünýäsinde uly açyşlara açar boldy. Kýuriý bilim bilen meşgullanýanlara şeýle maslahat berýär: "Adamlar barada az, pikirler barada köp bilesigeliji boluñ."
✔ ÝELENA RUBINŞTEÝIN 1870-1965 ý.
Kosmetika pikirini orta atan we bu pikirden tüçjar baýlyga eýe bolan Polşaly zenan. Lukmançylyk okuwyny gutaran Ýelena, Awstraliýa göçüp gidýär. Bu ýerde ekin bilen meşgullanýan aýal-gyzlaryñ güne ýanan ýüzlerini Ýewropadan getiren kremi bilen bejerip başlaýar. Şöhrady günsaýyn artan Rubinşteýin ilki Sidneýde, soñ London, Parij, Nýu-Ýorkda gözellik merkezleri açyp, bu sektoryñ melikesi bolýa. Ýelenanyñ meşhur sözü şu: "Gelşiksiz aýal ýokdur, ýalta aýal bardyr."
✔ ROZA LÝUKSEMBURG 1871-1919 ý.
Ýazyjy, pikir ynsany we aktiwist. Germaniýada sosýal özgerşikleriñ amala aşmagy üçin ylgan Roza, German Sosýal Demokrat we German Komunistik Partiýasyny esaslandyryjy. Şol bir wagtyñ özünde ykdysat hünärmeni bolan Lýuksemburg 1919-njy ýylda German esgerleri tarapyndan öldürilip, jesedi Berlindäki Landwehr kanalyna zyñyldy. Özgerşikligiñ simwoly Rozanyñ: "Hereket etmeýän gandallaryndan habarsyz galar" sözü meşhurdyr.
✔ WIRGINIÝA WULF 1882-1941 ý. Añ akyşy tehnikasyny ilkinji bolup "Hanym Dallowiý" eserinde ulanan iñlis ýazyjy Wulf, eserleri bilen bir hatarda 'gamgynlygy' bilen hem ady bellidir. Hatda, ony edebiýat taryhynyñ iñ gamgyn zenan awtory hasaplaýanlar hem bar. Elli dokuz ýaşyndaka jübisini daşdan dolduryp, Uz derýasyna özüni oklady. Pajygaly ýagdaýda ölen Wirginiýañ betbagtlygyny şu sözleri aýdyñ edýär: "Söýmek ynsany ýalñyzlaşdyrýa..."
✔ AGATA KRISTI 1890-1976 ý.
Eserleri Şekspirden soñ iñ köp okalýan ýazyjy Kristi, dedektiwlik romanlary bilen meşhurdyr. Söweş döwründe şepagat uýasy bolan Agata, zäherler, öldürme jenaýatynyñ usullaryny kitaplarynda kän agzap geçdi. Dedektiwlik temasynda 80 roman ýazan we West End teatry üçin pýesalar döreden Kristi, Meri Westmakot ady bilen söýgi temasynda hem eserler döredipdir. "Zehinli bolup, samsyk görünmek ýaly gowy zat bolmasa gerek" sözü Agata Kristä degişli.
✔ ENE TERESA 1910-1997 ý.
Ömrüni garyp-gasarlara kömek etmek üçin sarp eden Teressanyñ, diñe Hindistanyñ Kalkuta şäherinde 1000 kişini halas edendigi mälim. 1979-njy ýylda Nobel Parahatçylyk sylagyna eýe bolan Teressanyñ: "Ynsanlary günäkärläp ýörseñ, söýmäne pursatyñ bolmaz" sözü agyzdan agyza geçýän meşhur aýtgydyr.
✔ ANNE FRANK 1929-1945 ý.
Germaniýada "Jöhüt genosidiniñ" simwollaryndan. 13 ýaşyndaka kakasynyñ ofisinde iki ýyllap faşistlerden gizlenip ýaşan döwrüni depdere geçirýär. Frankyñ ýandepderçesi faşist zulmyny dünýä äşgär eden iñ möhüm eserlerdendir. Heniz16 ýaşyndaka, bendi edilen lagerinde inçe keselden wepat bolan Annanyñ goja ýüreginiñ bolandygy şu sözlerinden belli: "Her näme-de bolsa, ynsanlaryñ ýürekleriniñ hakykatdanam gözeldigine ynanýan."
✔ ELEANOR RUZWELT 1884-1962
Yzly-yzyna dört gezek prezident saýlanan Frenklin Ruzwelyiñ aýaly we syýasy maslahatçysy Eleanor Ruzwelt, adamsynyñ ölüminden soñ prezident bolan Garri Trumanyñ döwründe Birleşen Milletler Wekili wezipesini ýerine ýetirdi. Ynsan hukuklary ugrunda göreşen Ruzwelt, 'Halkara ynsan hukuklary' bildirişini Birleşen Milletlere kabul etdiren zenandyr. Onuñ: "Başga kişileriñ ýalñyşlaryndan sapak alyñ. Adam bar ýalñyşy edip görer ýaly uzak ýaşaýan däldir" sözi nusgalykdyr.