Guljeren
08.03.2022 01:10
KÄTE

Käte uzyn-uzyn goşgy ýazýarys,
Düşýäris-de birje sözüň yzyna.
Suwarýas bir giden ot-çöpleri-de,
Bihuş bolup birje gülüň ysyna.

Kä birje ynsany söýenmiz üçin,
Söýýäs adamzady,
Söýýäs jahany.
Ol ymgyr ummanlar tolkunarmyşyn,
Gökden birje damja inen mahaly.

Bir ýürekdeş dostuň didary diýip,
Näçe ýol geçilýär, menzil aşylýar.
…Göwnüme bolmasa, uzyn ömürler
Belli-belli günler üçin ýaşalýar.

Kakamyrat REJEBOW.
22
54
Kenar
8 Mart 2022
Kakamyrat Rejepow şu dowrin in gowy sahyrlarynyn biridir
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
8 Mart 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
gena_02
8 Mart 2022
Gowy düzülen goşgy!
Myhman Myhman
8 Mart 2022
Gownume bolmaz uzyn omurler, belli belli gunlsr ucin yasalyar......... 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.