Iýýärkaňem iýgin diýer,
Geýýärkäňem geýgin diýer.
Garry ENEŇ ýaşap ýörkä,
Dünýäň özem seni söýer.
Gözleri ýoluňa bakar,
Büdüreseň üstüňi kakar.
Daýow egniň çekmedigiňi,
Päk ýürekli EJEŇ çeker.
Zähmetkeş, alçak, çeýedir,
Beren sözüne eýedir
Ejeňden soň seniň üçin,
Janyny gyýjak UÝADYR.
"Kaka bärik gelaý" diýer,
"Bäşlik aldym göraý" diýer,
Usul tapyp mekir GYZYM
"Kakajan pul beraý" diýer.
Peýdaň köp, azdyr zyýanyň,
Gowlukda bolar hyýalyň.
Bütin dünýäň dynçlygydyr,
Iňňildemese aýalyň
Ýap gözeldir suwy bolsa,
Suw gözeldir guwy bolsa.
Aýal bilen oňşular...........
Eger GAÝYNENEŇ gowy bolsa.
Ýurjimä, ýurjimä...
"Seniň bilen dünýäm giňä"
Diýip iş buýrar GELNEJEŇ
Neneň aňsat, neneň kyna.
Güler ýüzi bir maýsadyr,
Sözleri ýiti naýzadyr.
Toýlaňda joşup ylgajak,
MährIbam aljak DAÝZADYR.
Bagt guşy başyňyzda,
Ýaz bolarlar gyşyňyzda.
Buýsanyň siz goç ýigitler
Sonça mähir daşyňyzda.......
Öwrenmeliniň ýaza meňzeş owadan gyzlary we gelinleri baýramynyz gutly bolsun.Durmuşyňyzam edil bahar bägülleri ýaly owadan bolsun, yüzüňiz hemise gülüp dursun