1857 Amerikanyň Nýu Ýork şäherinde dokma fabriginde işleýän 40 müň sany zenanlaryň iş haklaryny bermeýarler.Şonuň bilen işçi zenanlar haklarynyň berilmegini talap edip dawwa başlaýarlar.Bu dawwany ýatyrmak üçin fabrikanyň başlyklary gulluk güýçlerini yagny polisiýany çagyrýarlar.Netijede dawa turuzýan zenanlary urýarlar ,atýarlar şeýlelikde fabrikany ýakýarlar.Şol ýangynda polisýa işgärleriniň gulplan gapylaryndan çykyp bilmedik jemi 129 kabir maglumatlarda 120 sany zenan ýogalýar diýp bellenilýär.Şeýlelikde 1909 ýylyň 28 fewralynda New Ýorkda zenanlar güni bellenilýär 1910 ýylda Daniýanyň paýtagty Kopenhagende geçirlen Bütindünýä halkara zenanlar konferensiýasy geçirilýär.Şol konferensiýada Germanýanyň sosial zenanlar partiýasynyň wekili Klara Zetkin Amerikadaky ýogalan zenanlary ýatlamak baradaky pikiri öňe sürýär.17 döwletden 100 sany zenanyň Klara Zetkiniň sözüni makullamagy bilen 8-mart bütin dünýä zenanlar güni diýlip bellenilýär.1977 ýylda B.M.G nyň 16 dekabrynda geçiren konferensiýasynda aldygy karara laýyklykda ýurtlar öz gezeginde taryhda ýatdan çykmajak 8 mart Bütindünýä Halkara zenanlar güni bellemäge rugsat berildi.