❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
06.03.2022 21:53
Informatika


Häzirki zaman jemgyýeti kompýuter tehnologiýasyz göz öňünde getirip bolmaýar. Informatika bize kompýuter ulanmagy öwredýär. Ol hakda gyzykly maglumatlar hemmelere mälim däl. Informatika biziň pikir edişimizden has ir ýüze çykdy. Gymmatlyk nukdaýnazaryndan bu ylym matematikadan pes däl. Informatika hakda gyzykly maglumatlar, bilmeli, sebäbi häzirki döwürde köp zatlar şonuň bilen baglanyşykly.


1. Informatika dünýäsinden gyzykly maglumatlar, ylym hakda ilkinji gezek 1957-nji ýyllarda gürleşip başlandyklaryny tassyklaýar.
2. Ilki bilen diňe kompýuteriň kömegi bilen maglumatlary awtomatiki gaýtadan işlemegi amala aşyrýan tehniki ugra informatika diýilýärdi.
3. SSSR-de ilkinji elektron kompýuter 1948-nji ýylda hasaba alyndy we Başir Iskandarowiç Rameýew tarapyndan döredildi.
4. Programmistler güni 13-nji sentýabrda bellenilýär.
5. Alty aýyň dowamynda elektron kompýuter döredildi
6. 60-njy ýyllarda “ARPANET” internetiň prototipi(proobrazy) peýda boldy.
7. Iň meşhur sosial ulgam “Facebook”.
8. “Facebook” -da ulanyjylar tarapyndan her aýda takmynan 3 milliard surat ýerleşdirilýär. 9. Informatika ylmynyň tutuş taryhynda iň weýran ediji wirusy - LoveLetter-i kesgitlemek mümkin boldy.
10. Iň uly we ilkinji kompýuter hüjümi Morris gurçugy diýlip atlandyryldy. Takmynan 96 million dollar çykdajy boldy.
11. "Informatika" termini Karl Steinbuch tarapyndan girizildi.


Halan bolsaňyz👍🏻

Terjime eden: SimpleGirl
Çeşme:100factov.ru
13
102
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
7 Mart 2022
𝐄𝐟𝐬𝐨, bolýar 👍🏻
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
7 Mart 2022
SimpleGirl, ýok gerekdäl, düşünen bolsaňyz bolýa👍🏻
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
7 Mart 2022
𝐄𝐟𝐬𝐨,hawa diýjek bolýan zadyňyza düşündim, men bulary diňe terjime edip goýýan, şonuň üçin alan saýtymy hem goýdum.(eger doly maglumat almak isleseňiz saýta hem girip bilersiňiz,men bärde diňe saýtyň adyny ýazypdyryn,link'i bar mende gerek bolsa) Alan ýerimde "meşhur " diýip ýazylandy, hawa belki açylan akkaunt sanydyr.🙂
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
7 Mart 2022
SimpleGirl, dowamly ulanýanlarmy, ýa-da açylan akkauntlarmy?!
Meselem: Ýalňyşmasam Öwrenmelide 3600-den köp akkaunt açyldy, ýöne şuwagt ulanýan ulanyjylaryň sany maksimum 100
Şeýle diýsem düşünersiň: hatda iň ösen ýurtlaň arasynda bolan Türkiýeniň ilaty 84.6mln, ýöne diňe 15mln töweregi internetden peýdalanyp bilýär, Türkmenistanyň ilatynyň 100-den biri internetden peýdalanyp bilýär. We hemme internede girýän Facebook-y ulananok,15-20 adamdan biri ulanýandyr, indi özüň hasapla 7.5 mlrd adamyň ýaşaýany dünýäde näçe kişi Facebook ulanýar
ideallider
6 Mart 2022
9 we 10 bilemokdym🙄👍🏼
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
6 Mart 2022
𝐄𝐟𝐬𝐨,ýaňy internetde"the most popular social medias in the world"(dünýäde iň meşhur sosial ulgamlar )diýip gözleg etsem :1.Facebook(2.23mlrd)... 2.YouTube(1.9mlrd).....3.WhatsApp(1.5mlrd)... .4.Messenger(1.3mrd)
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
6 Mart 2022
Indi Facebook däl, Instagram, Facebook da 131mln töweregi ulanyjy bar(we bu san köpelmek deregine azalýar) Instagram da 136mln töweregi ulanyjy bar (munda köpelýär)
Älem
6 Mart 2022
👍👍👍...
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
6 Mart 2022
💻 Informatika
Shir✍️
6 Mart 2022
Gowy post buda👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.