𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
04.03.2022 19:07
Dünýäde bir ýer:
🇫🇮 Finlýandiýa 🇫🇮


"Dünýäde bir ýer" atly täze post zynjyrynda Döwletler hakda gyzykly we täsin maglumatlary okarsyňyz we birnäçe zat öwrenersiňiz. Okanyňyzda wagtyň nähili tiz geçenini duýman galjagyňyz D.B.Ý post zynjyrynyň ilkinji postunda sizlere "Finlýandiýa hakda gyzykly maglumatlar"-y jemledim. Hany onda gyzykly maglumatlary okaly.

1. Ýaşmaýan Gün:

Finlýandiýadaky bu ajaýyp tebigy hadysanyň ady "ýary gije gün". Bu tebigy hadysa, Finlýandiýada tomus möwsüminde günüň 24 sagat ýaşmazlygyna sebäp bolýar we esasanam Lapland sebitinde iki aýdan gowrak dowam edip biler.

2. Nokia şu ýerde döredildi:

Hemmämiziň bilýän Nokia markasy 1865-nji ýylda Finlýandiýada zawod hökmünde döredildi. Bu ýyllardan soň dürli pudaklara girdi. Göçme telefon pudagyna Nokia uly goşant goşdy. Beýleki tarapdan, Angry Birds we Linux hem Nokia bilen baglanyşykly bolmadyk fin oýlap tapyşlarydy.

3. Deňlik we çydamlylyk…

Finler asuda adamlar. Olar hormat goýýan, derejeli, deňhukukly we çydamly adamlar. Gereksiz gürlemekden gaça durýarlar. Şonuň üçinem dymýarlar. Wadalaryny ýerine ýetirmäge uly ähmiýet berýärler.

4. Dünýädäki iň gyzykly ýaryşlar hem şu ýerde!

Has dogrusy Gyzykly we Täsin. Finleriň hakykatdanam gyzykly däp-dessurlary bar. Ine, olaryň gyzykly ýaryşlary: Dünýä batgalyk futbol çempionaty, Aýaly götermek ýaryşy, Öýjükli telefon zyňmak boýunça dünýä çempionaty, buzda ýüzmek çäresi we Finlýandiýanyň Sauna dünýä çempionaty...

5. 13-nji oktýabr, şowsuzlyk güni

Finleriň adatdan daşary gülkünç duýgusy bar diýsek näme etmeli? Finlýandiýa her ýyl 13-nji oktýabrda şowsuzlyklar we erbet habarlar üçin şowsuzlyk gününi belleýär. Elbetde, munuň maksady bolup geçen negatiwliklerden sapak almak!

6. Ilkinji internet brauzeri

Şübhesiz, internetiň ösmeginde köp ýurtlaryň roly bar. Emma "Erwise" esasanam internet rowaýatlarynyň arasynda. Sebäbi 1994-nji ýylda Finlýandiýada üç okuwçy tarapyndan işe girizilen Erwise ulanyjy interfeýsi bilen dünýäde ilkinji brauzer boldy. Bu brauzer Sir Tim Bernors- Li (WWW-nyň döredijisi) tarapyndan ýokary baha berildi. Şeýle-de bolsa, taslama zerur serişdeleri üpjün edip bilmedi. “Mosaic” we “Internet Explorer” gysga wagtyň içinde çykdy.

7. "Santa Klaus Finlýandiýada ýaşaýardy!"

Lapland sebitinde Santa Klausyň ýaşaýan öýi bar. Bu jaý myhmanlar üçin açykdyr. Bu jaý 2010-njy ýyldan bäri Santa Klausyň resmi öýi hökmünde ykrar edildi.

8. Azatlyk ýurdy

Finlýandiýa; Asuda, parahat we howpsuz ýurt. Bu ýurtda gök öwüsýän ýerler, derýalar we arassa howa bar. Islän tokaýyňyzda garaguş ýygnap bilersiňiz, islän kölüňizde balyk tutup bilersiňiz.

9. Tebigaty bilen rekord goýan ýurt

Finlýandiýa “Müň kölüň ýurdy” diýlip hem atlandyrylýar. Sebäbi Finlýandiýada takmynan 187,888 köl bar. Mundan başga-da, Finlýandiýanyň 179,888 adasy bar.

10. Demirgazyk çyralarynyň gözelligi

Demirgazyk çyralar; "Aurora Borealis" ady bilen hem tanalýan ajaýyp tebigy hadysadyr, esasanam mart we sentýabr aýlarynda Lapland sebitinde göz bilen görüp bolýar. Ýylda 200-den gowrak görüp boljak bu tebigy hadysany başdan geçirmeli.

11. Iň köp kofeni olar içýärler!

Dünýäde iň köp kofe içýän halkyň fransuzlar, şwesiýalylar we italýanlardygyny kim aýtdy? Finler elbetde! Finler öýde we işde günde 8-9 käse kofe içýärler. Munuň iň uly sebäpleriniň arasynda -40 gradusa çenli sowuk temperatura bar. Elbetde, tomus gelende gyzgyn kofe ýerini buzly kofe'a goýýar.

12. Süýdüň iň köp sarp edilýän ýurdy

Finler süýdi kofe ýaly gowy görýärler. Her adam Günde ortaça 1 litr süýt içýär.

13. Bu ýerde awtoulaglardan has köp sauna bar

Saunanyň fin medeniýetinde düýbünden başga ýeri bar. 5,5 million ilaty bolan Finlýandiýada 2 milliondan gowrak sauna bar. Elbetde, 2 million sauna diýlende, munuň üçin 2 million SPA merkezi ýa-da hususy kärhana bar diýip pikir etmäň. Saunanyň bu medeniýetde möhüm orny eýeleýändigi sebäpli, ýük gämisinden parlament binasyna çenli her ýerde saunalar bar.

14. Finlýandiýa hakynda Beýleki gyzykly maglumatlar:

Finlýandiýada dünýädäki iň arassa suw bar.

Goňur aýylar milli haýwanlarydyr.

10 çüýşäniň 9-y ýurtda hökman gaýtadan işlenýär.
________

Bu posty soraşman paýlaşmak gadagan!
________

"Dünýäde bir ýer" (D.B.Ý.) atly bu posty haladyňyzmy? D.B.Ý. atly post zynjyry dowam etmelimi?
👍🏻Hawa/Ýok👎🏻
Teswirlere garaşýan ;)

Efsonyň ähli postuny görmek üçin şu hatyň üstüne bas
13
103
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
5 Mart 2022
👍👍👍👍👍👍👏
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
4 Mart 2022
Ovezova_,Mercedes_fan,Gena,B.....,👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻, IDEALLIDER, menä duýamok👍🏻
Ovezova_
4 Mart 2022
Suw bn süýdüň ýerini çalşypdyrlar oytyan👏👏👏👏mlds dowam et gowy post
ideallider
4 Mart 2022
Ömrümde finleri görmedim🙂👍🏼 Bu gün nähili günaý!? Birden güýçli ýel turýa, birden ýatýa. Ýene şuwagt ýel turýa. Häli çalt ýagş ýagdy çaltam diňdi. Ine şuwagt ýene ýel ýatdy
Mercedes_fan
4 Mart 2022
👍👍👍👍👍
gena_02
4 Mart 2022
Onda okaly
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
4 Mart 2022
Täze post zynjyry: Dünýäde bir ýer; Ilkinji D.B.Ý. postunda Finlýandiýa barada gyzykly we täsin maglumatlary jemledim
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.