Bu döwürde her kim alym,
Ol-a ýalan, bu-da çyn zat,
Her bir owadan ýalana,
Ynanmazlyk, ana kyn zat.
Emmasyny toslap tapyp,
Bat berilýär ýogyn sese,
Nebsiñ guly artyp barýar,
Nyrh galýar, ynsap pesäp.
Könelermiz aýtmyşlaýyn:-,
-,, Ilde gelen, toýda-baýram,
Pikir edip, şol nakyly,
Döredene haýran galýan.
Gürletseñ-ä akyl çowjak,
Amal bolsa aýak teýde,
Erkekmikäm öýdýän az däl,
Kellesine telpek geýse.
Biri diýýär ,,puluñ bolsa,-
- Ähli zatlar çözülip dur,
Han-ha seret, pully bolsañ,
Ähli gyzlar düzülip dur".
Wah, janyña döneýin señ,
Çözýän bolsa ,,pul" diýen zat,
Aramyzda bolmazdy-la,
Gara bagt, dul diýen a:t.
Aý, hawa-la , näme diýjek,
Kemilende a:ñ kemligi.
Soñky wagt has köpeldi,
Döwürdeşleñ men-menligi.