MART DUÝGULARY
Şygry bilen gelýär ýazyň howasy,
Goşgyň bogny pyntyk bolup ýarylýar.
Ýürek gürsüldände wagtyň owazy,
Sagadyň sesi deý howa garylýar.
Goşgularmy aldym ýazyň joşundan,
Yşnagymy yşka daglap nije men.
Ine, ýene zyba gyzlaň gaşynda,
Söýgi sözlerinden baglaýan çemen.
Gözýetimde älemgoşar hal atar,
Hal atar gyzlaryň ýaňagna çenli.
Iň agras ýigde-de özün haladar,
Ýogsa-da kim duýýar serden geçenni,
Kim söýmeýär kellesini sämedip?!
(Aşygyň işini Alla oňarsyn!)
Göz bir penjiredir,
ondan äňedip,
Bahar eljirese neneň oňarsyň?!
Düýşe girýär perileri uçmahyň,
Ýazyň ýüpek ýakymyna baksana!
Martyň howasynda yşka uçradym,
Näme boldy, ne döw çaldy aklyma?!
Garlawaçlaň gaşa meňzeş näzini,
Kalbym goşgy üçin bahana bildi.
Ýaş oglan deý aşyk häli-häzirem,
Türkmeniň al-elwan baharydyr bi.
Öz-özüm oýlanýan başymy atyp,
Neneň kämil bu duýgynyň gurluşy.
Her ýazda topraga artýar hormatym,
Her ýazda täzeden söýýän durmuşy.
Men diýerin, „Seni söýýän!“ diýerin,
Ýaza aşyk bolan gizlemez syryn.
Ömrüni poeziýa baglanlar deýin,
Menem öz ömrümiň şahyrydyryn.
Ýaz möwsümi tebigatyň zehini,
Her bir pasyl berekedin getirýär
Söýginiñ al-elwan baharydyr bi,
Aşyk-magşuklary bagta ýetirýär.