lord
01.03.2022 13:46
Çarwa arap şeýle diýipdir: «Bedenleriňize dynç berşiňiz
ýaly, kelleleriňize hem rahatlyk beriň».
* * *
Akyldar şeýle diýipdir: «Nebsiň – seniň ýoldaşyňdyr. Eger oňa rahatlyk berseň, ol güýçlener, eger ony ýadatsaň, ol tapdan düşer».
* * *
Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Kim dünýäde arkaýyn ýaşap, özüniň onuň
mekirliklerine sezewar bolandygyny duýmasa, ol aldanandyr».
* * *
Akyldar şeýle diýipdir: «Dünýäniň diňe üç zady bardyr: baýlygy, yzzaty we rahatlygy. Kim-de kim dünýäde kanagatly
ýaşasa - baýlygyna gowşandyr. Kim-de kim takwa ýaşasa- yzzatyna gowşandyr. Kimiň gaýgy-gamy az bolsa -
rahatlygyna gowşandyr».
* * *
Akyldardan:
— Dünýäniň mysaly nämä meňzeýär? -diýip sorapdyrlar.
Onda akyldar:
— Dünýä- özüniň mysaly bolmakdan has pesdir diýip,
jogap beripdir.
* * *
Çarwa arap aýal kowmuna şeýle diýipdir: «Allatagala gowuşjakdygyňyza şatlanyň. Sebäbi bu günler bizi ýuwaş-
ýuwaşdan oňa golaýlaşdyrýar (ýagny gün geçdikçe ölüm ýakynlaşýar)».
* * *
Isa alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Ýazyklar bolsun. Men
dünýäni alyn dişleri bolmadyk garry aýal görnüşinde gördüm.
Onuň ähli zynatlary bardy.
Ondan:
— Näçe gezek durmuşa çykdyň? — diýip soradylar.
Ol:
— Sanamadym. Örän köp — diýdi.
Ondan ýene:
— Olar öldülermi ýa-da saňa talak berdiler? — diýip
soradylar.
Ol:
— Ýok, men olaryň hemmesini öldürdim — diýdi.
Onda oňa:
— Seniň galan ýanýoldaşlaryň hem nähili betbagt eken!
Olar nädip öňküleriň saňa öýlenip düşen ýagdaýlaryndan nusga
almaýarlar. Olar senden heder etmeýärmikäler! — diýdiler».



Mahmyt ZAMAHŞARY- "Ýagşyzadalaryň bahary".
18
68
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
1 Mart 2022
👏🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
MissBoss♕
1 Mart 2022
👏🏻👏🏻👏🏻👏🏻👏🏻👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.