Jöwza
27.02.2022 19:32
Dogry, biziň sözlere baý milli türkmen dilimizde «Watany goramak» sözüne şeýle düşündiriliş berilýär: halkyň rahatlygyny goramak, ýurduňy goramak, serhediňi goramak, parahatçylygy we azatlygy goramak we ş.m.

Hawa, bu berilýän düşündirişler doly hem-de aýdyň hasap edilýär. Ýöne, meniň pikirimçe, «Watany goramak» sözüne başgaça-da düşünýän, şol bary-ýogy iki sözüň yzynda yhlasly durjak bolup ymtylýan gerçeklerem sanardan köpdür.

Belki-de siz eýýäm «O nähili başgaça düşünmek?» diýen soragy berensiňiz. Sebäbi «Watany goramak» sözi olardan başga-da şu manylary-da aňladýar:

– beýlekileriň asuda hem parahat ýaşamaklygy üçin tutuş ömrüňi bagş etmek;

– öz janyňa töwekgellik etmek, ýagny, janyňy orta goýmak, gerek bolsa Watan üçin pida etmäge hemişe taýýar bolmak;

– mukaddes borjy ýerine ýetirmek;

– bagtyýar we goragly durmuşy kepillendirmek, üpjün etmek;

Şeýle-de, men şol sözüň aňyrsynda «Ümmülmez bagt» sözüni görýärin. Çünki Watany goramaklyk gutarnyksyz bagtdyr. Şondan uly bagt bolsa asla bolup bilmez. Ol uly bagta ýetmek üçin hem birnäçe kynçylyklara döz gelip, olary öz çydamlylygyň we batyrlygyň bilen ýeňip geçmek gerek. Diňe şondan soň sen sözüň doly manysynda öz bagtyny Watanyň goragynda görýän hakyky Watan goragçysy bolup bilersiň. Ol batyrlaryň sarpasy hemişe belentdedir. Munuň aňyrsynda uly şan-şöhrat, at-abraý, gaýduwsyzlyk hem edermenlik ýatyr.

Onsoňam, Watany diňe harby gullukçy bolup ýa-da eliňe ýarag alyp goramalymy? Elbetde ýok. Watany ondaky her bir adam gorap biler. Onuň alýan we alan ylym-bilimi, hünäri, kesp-käri Watanyň abraýyny goramakda, arşa götermekde uly ýarag bolup hyzmat edýär.

Diňe öz Watanyny ýürekden söýýän adam ony gorap saklamagy özüne çäksiz bagt hasap edip biler. Edil goşgy setirlerinde aýdylyşy ýaly, «Ýürekden söýmedik ýurt gorap bilmez...». Watanyny söýüp bilmedik adam bolsa hiç bir zady-da söýüp bilmez.

Göbek ganyň daman ýeriniň goragyny amala aşyrmak bu mertlikden nyşan ahyryn. Sebäbi Watany goramak – bu mertleriň käri, är ýigitleriň käri. Ärler bolsa diňe ärlerden dörär.

Watan mukaddesligi ýaly beýik duýgyny miras goýan merdana pederlerimiz bize ömürbaky nusgalyk mekdep bolar. Olaryň bitiren işleri bolsa ýol-ýörelgämiz bolar.

Watany söýeliň! Watany goralyň! Ol biziň öýümizdir! Ol biziň daýanjymyzdyr, ýeketäk guwanjymyzdyr!

Toýlymyrat Begmyradow,

TGM-niň Harby institutynyň harby talyby
10
96
Shir✍️
28 Fewral 2022
Watanymyzyñ her gerdi,bir däl-eýsem,millionlap janlardan üstündir👍
ideallider
28 Fewral 2022
Patriot👍🏼
Älem
27 Fewral 2022
👍👍👍👍👍
Jöwza
27 Fewral 2022
👮🏻‍♀️👮🏻‍♂️watan goragy borjumyzdyr! Sagboluň hemmänize;)
Aýdogdy
27 Fewral 2022
Oran ruhlandyrdy bizedam az galdy inni nesip bolsa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.