lord
25.02.2022 19:50
"Durmuş kynçylyklary bilen owadan"

Adamyň durmuşunda şowsuzluklar, kynçylyklar hemem gapma-garşylyklar gaty köp bolýar. Şonda-da adam ruhdan düşmeli däl. Sebäbi kynçylyklar bizi kämilleşdirýär. Şu ýerde bir mysal: "Aýdaly, bir bölek altyn bilen bir zergär. Şol bir bölek altyndan ýüzük ýasalýança ol altyn şol ýasaljak ýüzügiň gözelligini berip bilmez. Emma şol bir bölek altyny zergär otda eredip, galyba salyp, ondan ýüzügiň şekilini alyp, iň soňunda bolsa şol ýüzüge gaş goýup, ýüzügi ýüzük edende onuň gözelligi başgaça bolýar...Eger şol ýüzügüň jany bolanda näderdi? Elbetde, jany bolanda onuň jany agyrardy. Çydamsyzlyk etjek bolardy. Ýöne çymaly bolardy. Ýöne bu ýerde esasy zat "ol çydamalydy we iň soňunda owadan ýüzük bolmalydy...

Edil adam hem şol ýüzük mysalydyr. Adamlar ýaşlykdan başlap her hili durmuş ýoly başdan geçirýänler bar. Eger adam ýaşlykdan kynçylyklara döz gelip bilse, onda şolar ýaly adamlardan "altyn ýüzük" ýaly "altyn ýürekli we ruhy taýdan güýçli" şahsyýetler ýetişer. Adam kynçylyklara, päsgelçiliklere we şowsuzluklara döz gelip bilse olar has güýçlenerler. Ýöne esasy zat hem ýykylanda ýeriňden galmaga özüňde güýç tapyp bilmekdir...


Hiç haçan bir iş bolmasa ýa-da durmuşda kynçylyga gabat gelseňiz hiç haçan ýeňilmäň, ruhdan düşmäň. Bir aýtgy bar: "Her işde bir haýyr bardyr" diýip. Durmuş kynçylyklary bilen owadandyr.
14
98
Dusia
26 Fewral 2022
😊♥️👏👍
ylham_gurbanaly
26 Fewral 2022
Tuweleme👏
Myhman Myhman
26 Fewral 2022
Bu programma Line yaly programma bolyarmy
M••••🌼
25 Fewral 2022
Supeerr
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
25 Fewral 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
MissBoss♕
25 Fewral 2022
LORD,Mana gerekdi sag bol
Güljagaz❤
25 Fewral 2022
LORD,gaty gowy jumleler👍
Älem
25 Fewral 2022
LORD,Altyn ýürekli we ruhy taýdan güýçli 👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.