Ýagyşly günüň oýlary...
Herimize aýry ahmyr kän ýaly,
Ikimizem şol bir söýgiñ gurbany.
Umyt edýän ýüreklermiz başarsyn
Mundan soñra özi üçin urmany.
Bir-biregi ýazgarmaklyk ne derkar,
Ýatlamalañ azary-da ýetikdir.
"Hiç zada ýetenok"diýme göwnüme
Ilki senden, soñ bar zatdan geçipdir.
Damjalar zemini basanda bagra
Göwnüme bolmasa, adyñy tutýar.
Seret, bu gün gara geýinen asman
Soñlanan söýginiñ ýasyny tutýar.