Satlyk Ene we Ata!
23.02.2022
0.7
Hekaýa
27
901

SATLYK ENE we ATA ...


 Bir gazetde bir bildiriş peýda boldy: "Garry ene-atamy 10 000 ýewro satýaryn. Kakam 91 ýaşynda, demsasiýa hassasy. Ejem 89 ýaşynda,  kömek bilen işini edip bilýär ".

Bu bildirişi gören adamlar bu mesele barada birnäçe günläp gygyrşdylar.  Käbirleri "Nädip beýle masgaraçylyk bolup biler?"  -diýdi.  "Haý, hökümet näme üçin goşulmaýar?" diýenler boldy.

"Allajan, bu günä iş"  diýip pikir edýänlerem boldy  - "Biderek zat, satyn almak üçin gaty köp pul gerek, bu dälilik."  Diýýänlerem kän boldy. Bildiriş ene-atasyny ir ýitiren maşgala tarapyndan hem okalypdy.

Bu maşgala satuwa çykarylan garrylary almak we olara seretmek kararyna geldiler.  Pul mukdaryny bank hasabyna geçirdiler we satylýan garry jübüti öýlerine alyp gaýtmak üçin berlen adrese gitdiler.  Gelen salgylarynda uly köşk bardy.

Bildiriş üçin gelen ýerlerinde sagdyn bir garry olary garşy aldy.  Jübüt: "Ejeňi we kakaňy almak üçin geldik".  "Biz talap edilen mukdary eýýäm banka gecirdik."  - diýip aýtdylar .  Ýaş jübüdi garşylaýan garry: "Hoş geldiňiz, bu garrylara näme üçin beýle köp pul berýändigiňizi düşündirip bilersiňizmi?", "Diňe bir iş, kynçylyklar we ideg meselesi bolar, muny bilseňizem näme üçin bärde siz?"  diýip sorady.

Ýaş jübüt şeýle diýýär: - Ikimizem maşgalamyzy ir ýitirdik, ýaş başymyza olarsyz durmuşda dowam etdik we olary gaty küýsedik "-diýýärler we dowam edýärler. "İki sany kiçi çagamyz bar we olaryň ene-ata gujagynda oturmagyny we  gujagynda oturup hekaýa diňlemeklerini  , olar bilen uklaklaryny we oýnamaklaryny isleýäris.  Olary ululara hormat goýjak şekilde ulaltmak isleýäris "-diýdi.

Garry goja öýündäki aýalyna ady bilen seslendi, garry aýalyň elinde hasa bardy, ýöne aňsatlyk bilen hereket edýärdi we ýakymly, gowy ýylgyryş bilen ýylgyrýardy.  Garry goja  we garry aýal ýylgyrdy!

- "Bolýar, biz siziň bilen gideris, bu ýazgydaky ene-atalar biz!"  diýdiler.  Ýaş jübüt geň galdy.  - Nädip? Ýöne bildirşde satýanlar kömege mätäç we hassadygyny olaryň ýagdaýynyň erbetdigini aýtýardy?  diýdiler.

Garry jübüt biri-birine seredip ýylgyrdylar.  Aýal  haýran galan jübüte aşakdaky sözleri aýtdy.  - .  "Söýgi we düşünişmek  içinde ýaşadyk, işledik, pul gazandyk, bu köşki gurduk, ýöne ykbal bize çaga bermedi. Bar zadymyzy käbir gowy adamlara bagyş etmegi makul bildik, ýöne olary nädip tapjakdygymyzy bilmedik , we bu bildiriş pikirini tapdyk.

Indi özümiziň we pulumyzyň hakykatdanam ygtybarly ellerde boljakdygyna begenýäris "-diýip, ýylgyrmagyny dowam etdirdiler." Söýgi we hoşniýetlilik hiç wagt puja çykmaýar, sebäbi olary berýänlerde we alýanlarda gymmatlyklaryny artdyrýar. "
5434
12 Iýun 2024
@nurberdiyewa_aylar, William afton
jugol
25 Aprel 2024
♥️♥️♥️
Myhman Myhman
15 Yanwar 2023
Gaty gowy👏👏👏
Myhman Myhman
17 Oktýabr 2022
👍👍👍
nurberdiyewa_aylar
30 Sentýabr 2022
💜💜💜
Myhman Myhman
23 Awgust 2022
👍👍👍👍👍👍👍
Myhman Myhman
30 Iýul 2022
Oran gowy
Myhman Myhman
15 Iýun 2022
Ene ata in eziz ynsanlar durmusymyzda
Myhman Myhman
17 May 2022
Gaty gowy begendim
Myhman Myhman
13 May 2022
Makala gaty govy bolupdyr.okamda i:nim jigläp gitdi.tuveleme gaty govy

Ol yerde ene ata pul bn denelenok.ene atasy yok adamlaram bar ahyry aramyzda.olar hatda pul bermeli bolsalar-ha begenip berjek.yone ene ataly bolasy gelya.siz yalnys dusunyan bolayman.her kimin bashyndaky herhili yagday.ene atasynyn bolmaguny isleyan adamlar shu hekayadaky yaly hemme zadada razy! Bu elbetde, men oz pikirim...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.