❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
23.02.2022 22:49
Gorkunç hekaýalar
Ýarygijeden agyberende köp gatly jaýyň bäşinji gatynda ýaşaýan onuň gapysynyň jaňy basyldy. Yzly-yzyna ýaňlanan dört sany gysgajyk, çürt-ke jaň ony oýardy. Emma, ol oýansa-da, gaharlanyp, bimahal çak bimaza edýän kimem bolsa oňa gapysyny açmady. Onsoňam ol hiç kime garaşmaýardy. Ertesi gün ýene-de şol düýnki wagtda ýene-de dört gezek yzly-yzyna onuň işiginiň jaň düwmesi basyldy. Bu gezek ol özi bilen şeýle gödek oýun etmäge het edýäniň kimdigini bilmek üçin tarsa ýerinden turdy-da, gapa bardy. Onuň gözünden yşyklap, basgançak meýdançasyny synlady. Ol ýerde hiç kim ýokdy. Gündiz ol işdeş dostlarynyň ýanynda degşip öten agşamky wakany gürrüň berdi we megerem, iki gije yzly-yzyna öz bosagasyna ajalyň gelendigini, emma ahyry özüniň gelmeli salgysyny ýalňyşandygyny anyklap, yzyna gidendigini aýdyp, çylkasyz, ýuwanjak henek eden boldy. Üçülenji gije onuň ýanyna dosty görme-görşe geldi we olar gije ýarymdan agýança mesawy gürrüň edip oturdylar. Şol pillede, ýene-de düýnki wagtda, edil öňküleri ýaly yzly-yzyna dört gezek jaň kakyldy. Bu wakadan habarly dosty: -Hany, şu bolgusyz oýunbaz bilen menem gabatlaşaýyn-la!-diýip öý eýesinden öňürti gapa ylgady. Barşyna-da gapyny açyp, çykyp gitdi. Şol hem öý eýesiniň dostuny gören iň soňky gezegi boldy. Sebäbi ol ylgap howla çykanda aňyrdan bat bilen gelen ulag ony süsüp, ol şol duran ýerinde aradan çykdy. Şondan soň gijeki jaň kakylmasy kesildi. Diňe, şol wakadan soň bäş ýyl geçip, öten gije, ýene-de onuň gapysynyň jaň düwmesi basyldy...
10
61
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
24 Fewral 2022
MissBoss♕,sag boluň😀🙃, şu gün ýörite siz üçin 1post doly ýazman otyryn , gije goýaryn diýip😄
MissBoss♕
24 Fewral 2022
𝓑𝓪𝓷𝓾𝓬𝓲𝓬𝓮𝓴,gorkunc dala owadanja😊

SimpleGirl,biza okayadyk😇
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
24 Fewral 2022
𝓑𝓪𝓷𝓾𝓬𝓲𝓬𝓮𝓴,şu gün iň soňky, başga goýamok indi kän okaýan bolmansoň...MissBoss♕,🙂👍🏻
MissBoss♕
24 Fewral 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
ZohreOrazmamedowa
24 Fewral 2022
Alla saklasyn. A
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
23 Fewral 2022
Gijeki jaň🌃...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.