HAKYKY SÖÝGI
Owadan baharyň ajap möwsümi,
Daş-töwerek oglan bilen gyzlardy.
Maňa säwlik bilen sataşan oglan,
Bakyşlaňdan ýüzüm ot deý gyzardy.
Deň-duş joralamdan salgymy sorap,
Soňam ençe sapar idäpsiň meni.
Ýalňyş düşen bolup, belgime aýlap,
Bahanajyk tapyp aldapsyň meni.
Ýöränimde ogryn-ogryn esedip,
Gör, näçe saparlar synladyň, oglan?!
Ýüregime şugla saçyp keseden,
Asyl söýgiň özi senmidiň, oglan?!
Kalba hyruç berýär joşan duýgulam,
Menem seni jandan eziz söýüpdim.
Gözlem ýene söýýändigim duýdurar,
Gyza söýgüsini aýtmak aýypdyr.
Seniň päk söýgiňe sowuklyk bilen
Jogap berip, täleýimden sowsam-da.
Ýene hanjar deýin bagryňy dilip,
Yşkym joşup gursagyňy böwsende.
Sowgat edip, ýüregiňi getirdiň,
A, men boldum söýýäniňi duýmadyk.
Şahyr bolmasaňam, waspym ýetirdiň
Söýgi siňen jümleleri aýnadyp...
Garşy çykarma-da seredip durman,
Bu gün güller bilen ýolumy kesdiň.
Ýüregmiň eýesi, eý, sada ýigit,
Seniň yşkyň bütin ömrüme besdir!