https://owrenmeli.app/20271-gar.html#comment
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
22.02.2022 23:04
Gar näme üçin ýaldyraýar?
Gyş aýlarynda gar has köp ýagýar. Bu pasylda Gün şöhlesi ýere dik däl-de gytaklaýyn düşýär. Şeýle bolansoň, diňe ýeriň ýüzünde däl, bulutlaryň töwereginde hem howa sowuk bolýar. Şeýle ýagdaýda bugarýan suw entek suwuklaşmanka buz bölejiklerine öwrülýär. Örän kiçi buz bölejikleriniň biri-birine ýapyşmagy netijesinde gar emele gelýär. Mälim bolşy ýaly, ýokary gidildigiçe howa has sowuk bolýar. Bulutlarda emele gelen gar aşak gaýdyp başlanynda, ýeriň ýüzi yssy bolsa, gar ýagşa öwrülýär ýa-da bada-bat ereýär. Şeýle ýagdaýda ýagýan gar ýeri agartmaýar. Ortaça bir gar tozgajygy 3 kilometrlik aralygy 2 sagatda geçýär. Ýagny gar sagatda ortaça 1,5 kilometr tizlik bilen hereket edýär.
Adatça gar ýagyp başlandan soňra, howa ýumşap, birneme maýlaýan ýaly bolýar. Aslynda, howa gar ýagyp başlandan soňra maýlamaýar. Howa maýlandan soňra gar ýagýar. Howanyň maýlamagy bilen ýerden ýokarlygyna bug göterilýär. Ýokaryk göterilen bug, sowuk howaly ýere ýetenden soňra bulutlaryň gysga wagtda gar bolup ýagmagyna şert döredýär. Köp adam gar ýagandan soňra howa maýlaýandyr diýip pikir edýär.
Gar ýagsa daş-töwerek ak gar bilen örtülýär. Şeýle ýagdaýda eger howa güneşli bolsa, öýden daşaryk çykylanda gözüňi gamaşdyrjak derejede ýagty bolýar. Eýsem, garyň beýle ýaldyramagynyň sebäbi nämedekä? Gar tozgajyklarynyň her biri altyburçluk şekilli bolýar. Bu tozgajyklar günden gelýän şöhleleri döwüp, yzyna serpikdirýär. Gar tozgajyklarynyň her biri başga şekilli bolandygy üçin döwlen şöhleler dumly-duşa pytraýar. Netijede, gar has ýagty we ýaldyrawuk bolup görünýär.
Garyň reňki nähili?
Akja gar diýilýän hem bolsa, aslynda ýagynyň bu görnüşiniň reňki ak däl. Suwdan emele gelendigi üçin garyň reňki bolmaýar. Şeýle-de bolsa, ýokarda aýdylyşy ýaly gar tozgajyklarynyň köp şekilli bolmagy ony ak reňkli edip görkezýär. Ýeri gelende bellesek, tozan, howanyň hapalanmagy, hatda süýji suwda bitýän otlar sebäpli garyň reňki gülgüne, sarymtyl ýa-da gök bolup bilýär.
Emeli gar
Häzirki wagtda kino düşürilende ýa-da gyşky sport oýunlarynda emeli gardan hem peýdalanylýar. Ilkinji emeli gary 1975-nji ýylda ABŞ-nyň Berklidäki Kaliforniýa uniwersitetiniň professory Stiw Lindow oýlap tapýar.Çeşme:Zaman Türkmenistan
9
59