https://owrenmeli.app/20221-gorkunc-hekayalar-3.html#comment
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
20.02.2022 23:38
GORKUNÇ HEKAÝALARPerişdäniň heýkeliBir gezek är-aýal ikisi täze çykan kinofilme tomaşa etmäge gitmekçi bolupdyrlar-da, çagalaryna esewan bolmak üçin öýlerine jaň edilip çagyrylýan enekäni çagyrypdyrlar. Kinoteatra gitmänkäler olar çagalaryny düşege salyp ýatyrypdyrlar. Şonuň üçinem ýaşajyk enekä diňe öýde oturyp, birdenkä çagalar oýanaýsa olara göz-gulak bolmak ýeterlik ekeni. Är-aýal gidenden soň kän wagt geçmänkä eneke-gyzyň içi gysyp başlapdyr we ol güýmenmek üçin telewizora tomaşa etmek isläpdir. Onsoň ol är-aýalyň birine jaň edip, telewizory açmaga rugsat sorapdyr. Elbetde är-aýal enekä rugsat beripdirler. Emma, eneke ondan soňam aragatnaşygy kesmän, özüniň ýene-de bir haýyşynyň bardygyny, ýagny penjiräniň aňyrsyndan görünýän perişdäniň heýkeliniň ýüzüni nämedir bir zat bilen örtmek isleýändigini aýdypdyr. Sebäbi perişdäniň heýkeli ony birhili haýykdyrýarmyş. Eneke bu towakgasyny aýdanda telefonda az salymlyk dym-dyrslyk emele gelipdir. Soňam birdenkä eneke bilen gepleşýän çagalaryň kakasy howsalaly ses bilen: -Çagalaram al-da, gaty çalt öýden gaç...Biz häzir polisiýa jaň edýäris. Biziň howlymyzda perişdäniň heýkeli ýok!-diýip tiz-tiz gepleýär... Emma... Polisiýa-da, enekede ýetişmeýärler... Är-aýaldyr, polisiýa işgärleri ol salga gelenlerinde öýden hemmeler yzsyz-tozsyz ýom-ýok bolupdyr. Çagalaram, eneke-de, perişdäniň heýkelem...
13
179