Otagdaky elÖz başyma ýaşaýaryn,dost-ýarym ýok. Iş sagadym tamamlandy. Öýe gitmek üçin taksi çagyrdym. Taksi tutyp ýaşaýan jaýyma geldim. Şafýora,,sag bol"-diýdim. Soñra basgançaklardan üçegime çykdym. Gapymyñ öñüne geldim. Açarymy jübümden çykaryp gapymy açdym. Öýüm garañkylykdy. Yşygy ýakmak üçin elimi diwarda gezdirdim. Düwmä elim degip çyra yşyk gelende,tüýlerim dike-dike boldy! Allajan bu näme boldygy! Düwmäniñ öñünde bir el bardy! Çyrany açamda biriniñ ýüz keşbi göründi.Bu ýüz hem ýañky meni düşüren taksistiñ ýüzüdi.
Indiki sanynda
Öýdäki jyn