togsanbash
19.02.2022 11:44
OGLUM BOLSA
(Gyzym bolsa, Bahar dakjak adyna)
Halyl Kulyýew

Owal Alla, saglyk bilen ýetirse,
Oglum bolsa, Ylham dakjak adyna.
Yureklere josgun paylap elmydam,
Kimligini salyp dursun ýadyna.

Yamanlara ýaman bolup görünsin,
Yagşylara yagsylykda ýar bolsun.
Wezipesin, nesibesi kesgitlār,
Esasy zat birsözli, mert är bolsun.

Gowy gylyklarmy alyp bilmese,
Hatalarymy bir gaýtalamasyn.
Beyik nesil bolmak özine bagly,
Bolmasa, şundan bir maýdalamasyn.

Oglum bolsa, Ylham dakjak adyna,
Baran ýeri josgun, baharýaz bolsun.
Yas yerinde, yasa mahsus agraslyk,
Toýda atasydeý şahandaz bolsun.

Doklugmyza iller höwes etmedi,
Yöne yetdik bizden açlañ dadyna.
Belent ruhy dünýä bagsh etsin diýip,
Oglum bolsa, Ylham dakjak adyna.
12
119
ylham_gurbanaly
27 Fewral 2022
Гульхан, hany belki, nesip bolsa)

𝓑𝓪𝓷𝓾𝓬𝓲𝓬𝓮𝓴,😊👍)

Violinist, birhili okalanda gowja okalýa bu teswiriň😁😊
Gülhan
27 Fewral 2022
YGurbanaly23, diý 👌🏻)
ylham_gurbanaly
27 Fewral 2022
Menem oglum bolsa Kerim dakjak diýäýsemmi😊

JemalSeyitniyazowa, Kerim Hallyň goşgusy bu. 22-nji fewralda menden birgün öň boldy Kiçijik atdaş)
Gülhan
27 Fewral 2022
JemalSeyitniyazowa, Kerim Hally. Ylham diyibem dakdy täzelikde;)
togsanbash
20 Fewral 2022
Violinist,👍👍👍👍

Violinist,nireli sen
jemal_seyitniyazowa
20 Fewral 2022
togsanbash,wi sen ýazdyňmy goşgyny Halyl Kulyýew diýip duransoň bilmändirn
togsanbash
19 Fewral 2022
JemalSeyitniyazowa,bolsa dakarn
jemal_seyitniyazowa
19 Fewral 2022
Ylham dakdymyka adyna🤔
Ýalnyzja
19 Fewral 2022
👍👍👍👍👏👏👏👏👏
Myhman Myhman
19 Fewral 2022
Aminn. Ensalla. Galamynyza bat. 👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.