Bolan waka
Men bir gyzy tanaýan.okuwy gutaran häzir 20 ýaşyň içinde. Gaty owadanja gözelligi hemmäni haýrana goýýar. Hemme gyzlar höwes edýär a käbirleri bolsa owadanlygyny gawanýar görüplik edýär. Özüňiz bilýäniz gözel gyzyň hyrydar oglany köp bolýar, emma ol gyzyň söýgülisi yok öň bolmadygam, sebäbi özi islemeýär. Has takygy sebäbini soňunda bilersiňiz. Gözelligini görä örän akylly , hatda özümem bilmedik zatlarmy şondan öwrenýän. Emma onuň beýlekilerden has agyr derdi bar. Biçäre köp wagtdan bäri agyr ýürek keseli (bejergisi yok) bilen göreşýär. Ol hakda bu hakykaty barmak bn sanaýmalyja adamlar bilýär. Barlag netijelerine görä uzak ýaşap bilenok. Uzagy bilen 1 ýa 2 ýyl ýa ondanam az. Bu hakykat hakda özine hossarlary aýdanokdy. Emma tötänden barlag netijelerini okap anyklap bilip galýar. We häzirem özüni bilmedige saýyp görkezýär. Sebäbi ýakynlaryna dözenok. Bilýäňizmi näme iň agyr duýgy şol bolsa gerek. Görgüli beýlekiler meni erbetlikde ýatlamasyn diýip öz derdi ýetik bolsada beýlekileriň derdine şärik bolýar. Käbirleri gyz hakda asyl hakykaty bilman göwnüne degýär.sonna mana jan edýar şatlygny gaýgysyny mana aýdýar. Günlerde bir gün internetde (imo) bir oglan bn tanyşýar. Oglanda beýle gyza aşyk bolman boljakmy? Asla ýok. Gyza söz aýdýar. Ol oňa ünsüň bermändi başda . Soň soňlar oglan hakykaty hassadygyny aýdýar. Emma oglan şeýle söýüpdir. Onuň näçe gün ömri galan bolsada bile ýaşajakdygny bile boljakdygyny aýdýar. Az bolsada gyzy bagtly edesi gelýänni aýdýar. Gyz biçärede beýle bagtdan ýüz öwürýär. Oglana dözmeýär. Oňa gaýgy getirjegi ony howsala goýýar. Eh kimler söýgä zar kimler bolsa hazirki döwürde sol duýgyny aýak astyna atdylar. Görgüli gyz inni beter kemsinýär. Öz içini özi iýip gün-günden solup barýar. Arzuwyndaky söýgä duşdy emma özi oglany özüne has öwrenşdirmekden we soň gyýylmagyndan ýeke galasyndan gorkýar. Onuň bagtyna ajaýyp gyz duşmagyny dileg edýär. Ehh käbir zatlar alaçsyz. Görgüli gyz biçäraniň Oglana bolan duýgusyny menden başga aýtmaga güýji ýetenok. Ejiz gelýär. Size aýdyp berýänimiň Sebabi bolsa söýgüniň saglygyň ýakynlarynyzyň gadryna ýetiň. 😥😭😭😢😢😭😭 Biz bolsa dine Allajandan gudraty garaşyp dilegden aýrylamyzok. Derdine derman tapylaýsady Enşaallah.