https://owrenmeli.app/20027-kem-kemden.html#comment
lord
13.02.2022 20:43
Kem-kemdenHak sözläp kalplary dileniň üçin,
Daýanaýjak güýçli bilegiň üçin,
Ýenjerler ilden köp bileniň üçin,
Bilmezlige öwrenşersiň kem-kemden.
Ýylgyryş bar ýere, Gökden görk iner,
Gussaly günlerden azat erk iner,
Köp görerler saňa sada gülkiňem,
Gülmezlige öwrenşersiň kem-kemden.
Seni öňe iterýärkä bezzat päl,
Bahyl gözleň köpelmegi geň zat däl,
Ölüp dynjak borsuň, olam aňsat däl,
Ölmezlige öwrenşersiň kem-kemden.
Günleri birme bir gaşyňdan aýryp,
Gözlärsiň,
ýaşarsyň,
tapmarsyň aýgyt,
Ýalançydan agzyň bişensoň, gaýdyp,
Gelmezlige öwrenşersiň kem-kemden.
Awtory: Kerim Hally.
7
37