Haýp, şat günleň geçenine sered-ä
Bu gün bolsa derdinmeli lukmana.
Wah, şonda-da, düşün, ýersiz ýere kän,
töhmet atyp oturma:ly.ykbala..
Muny göre-göre gelyän durmuşam,
Mundan beter pürkmäwersin awusyn.
Aý nätjek-dä, ýaşaýyşyň gurluşam,
Meňzemeýär ýelegine tawusyň...
Meni ýakynyň saý. Özgäniň, ýadyň,
garşysynda çökermegin gerdeni.
Her niçik-de bolsa, begenýän zadym - 🌸
Ýylgyryşyň gizläp bilýär derdiňi...
Gaý-tupanyň güýji ýetmez ýykmaga,
Ynam bilen kürekleseň - gaýykdan.
Ýöne öňler alkyş aýdyp ykbala,
Bu günler hem köteklemek aýypdyr...