❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
08.02.2022 22:06
Moskwa uniwersitetiniň lukmançylyk ylmy-barlag merkeziniň professory Andreý Ardaşew kofäniň saglyk üçin ýaramly mukdaryny kesgitledi. Onuň aýtmagyna görä, kofäniň düzüminde himiki serişdeleriň 150 töwereginiň garyndysy bar. Olaryň bolsa öz gezeginde sowuklamanyň möçberini azaldyp, düwnük keseliniň ösmegini çäklendirip bilýändigini bellemek gerek. Şeýle-de, kofäniň kelle beýnisiniň işjeňligine täsir edip, şähdiňi açýandygy we has hyjuwly işlemäge ýardam edýändigi bellidir.

Professoryň aýdyşy ýaly, kofe ýürege däl-de, beýnä agram salýar. Ony az mukdarda (40-dan 300 milligram) içmegiň ýadawlygy azaltmaga we hüşgärligi artdyrmaga ýardam edýändigi ýüze çykarylypdyr. Beýleki önümlerde bolşy ýaly, kofe içilende-de çeniňi-çakyňy bilmek onuň zyýanyny azaldar, peýdasyny köpelder.

Çeşme Zaman gazeti
11
60
Shir✍️
8 Fewral 2022
Gosmaca:ukyny peseldýar,agsamlaryna isleyan adamlara kofe icmek maslahat berilyar😏
ideallider
8 Fewral 2022
Menä içemok😊👍
Gülhan
8 Fewral 2022
LORD, salam.hakyky;)
Gülhan
8 Fewral 2022
İrdenki kofesiz geçen günüm hökman şowsuz tamamlanýada;)
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
8 Fewral 2022
☕☕☕☕☕
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.