https://owrenmeli.app/19806-netijani-ozuiz-cykary.html#comment
lord
08.02.2022 20:40
Size kiçiräk oýlanma Söýýän adamyňyz bar. Ol adamy çyn ýürekden söýýärsiňiz. Bir gün siz oňa siz diliňizdäkini aýtdyňyz. Ol hem razy boldy. Siziň araňyzda hyjuwly söýgi döredi. Siz ony, ol bolsa sizi söýýär... Bir güni siz ony duşuşyga çagyrdyňyz. Belleşilen ýere siz wagtynda ýetip geldiňiz. Ol bolsa näbelli sebäp bilen näme üçindir gelenok. Siz garaşýaňyz, ýöne ol gelenok. (Siz onuň gelmedigine, gaharyňyzyň gelmegi tebigy ýagdaý bolup biler)... Aradan günler geçer, siz ondan (we söýgüňizden) kem-kemden sowaşarsyňyz. Şeýlelikde araňyz daşlaşar (siz bilen ony baglaýan "Söýgi" bolsa kem-kemden ýitirim bolup başlar)... Edil bizi Ýaradan Allah bilen hem biziň aramyz şeýle. Allah bendesini söýýär. Siz bolsa ony. Siz Allah bilen (namazda) duşuşarsyňyz. Ýöne siz eger wagtynda Allah bilen duşuşmasaňyz, Alladan daşlaşarsyňyz. Alla bolan söýgüňiz hem (eger namazda duşuşmasaňyz) sowar. Gynansakda, şeýle. Allah bize yaşamak üçin wagt berýär. Ýöne näme üçindir biz Allaha (has takygy, bize wagt berene) wagtymyz ýok. Hemme zada wagtymyzy tapýarys. Meselem, iýip-içmek ýa-da uklamak ýatdan çykanoga. Ýöne näme üçin bize wagt berene wagtymyz ýok. Nähili gynançly, şeýle dälmi?! Geliň, bize wagt beren we biz bendelerini söýýän Allaha wagt aýralyň! Makala baradaky pikirleriňizi teswirlerde ýazyp bilersiňiz.
14
144