Dymýan.
...näler kyn bolsa-da
Ýene dymýan.
Içimde bolsa oýanýar
Gaýnagy ýeten Ýanardag.
Garañky otagdan köçäñ
Ýagtysyna bakyp dymýan,
Bir gün dymmazlygmy isläp,
Dirikäm gowşurylmadyk, güli,
Gelip mazara goýarsyn...
Aý bor-da. Barybir dymýan
Wulkan çogup gelýär herhal.
Daglar deý göwräm ýarylyp
Param-parça borun belkäm.
Ah,şeýle kyn,şeýle çetin
Bolsa-da dymýan nädeýin.
Soñra wagtyñ özi aýdar
Saña birmahalky dymyp
Kän-kän zat hakda aýdanym...