https://owrenmeli.app/19761-tans-edyan-balyk.html#comment
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
07.02.2022 23:45
Tebigatda dürli sebäplere görä «tans edýän» ýa-da köplük bolup sazlaşykly hereket edýän dürli jandarlar bar. Garasarlar we tokaýda ýaşaýan totularyň käbir görnüşiniň uçuşy hamana horeografdan tälim alana meňzeýär. Guwlar we düýeguşlar hem dürli owadan «tanslary» ýerine ýetirýärler. Beýle jandarlar diňe guşlar däl, eýsem, suwda ýaşaýan käbir jandarlar hem şeýledir. Günorta-gündogar Aziýadaky derýadyr köllerde ýaşaýan Siam urşagy atly balyk (uruşgan balyk hem diýilýär) hem täsin «tansy» bilen haýran galdyrýar. Saý suwlarda ýaşaýandygy sebäpli bu balyklar akwariumlarda hem saklanýar. Bu balygyň akylyňy haýrana goýýan owadan guýrugy bolýar. Şeýle bolansoň reňkli balygyň bu görnüşi 1850-nji ýyllardan bäri emeli usullarda köpeldilýär. Bu balyklar kähalatlarda guýrugyny has-da pežžerdýär. Alymlar balygyň haýsydyr bir howpdan goranmak ýa-da howp döredip biljek başga bir jandary gorkuzmak üçin guýrugyny çişirýändigini belleýärler. Ululygy bary-ýogy 5-6 sm bolan bu balyklar hamana owadan guýrugyny güjeňleýän ýaly haýallyk bilen ýüzýärler. Olaryň tans edýän ýaly öwrümli hereketleri adamlaryň ünsüni çekýär.Çeşme Zaman gazeti
10
24