Daniel Defo(1660-1731)
Iňlis edebiýatynyň görnükli ýazyjysy söwdagär maşgalasynda dogulýar.ýazyjy döwrüniň syýasatyna,ykdysadyýetine,ahlak,din we durmuş meseleleriniň taryhyna bagyşlanan publisistik eserleriniň 200den gowragyny galdyrypdyr.şolaryň arasynda "Moskwanyň häzirki patyşasy Pýotr Alekseýewiçiň ygtybarly ömür taryhy"(1723ý)diýen eseri hem bar.ol "Hepdelik syn"(1704-1713ý) diýen uly meşhurlyga eýe bolan gazeti çapdan çykarýar.bu gazet iňlis žurnalistikasynda metbugatyň öňbaşçysy bolup hyzmat edýär.ýazyjy ömrüniň ahyrlarynda kyssa eserlerini(romanlary) döretmek bln meşgul bolýar. Ol özüniň ilkinji romanyny "Robinzon Kruzo"(1719ý) diýip atlandyrýar.bu romanyň many-mazmuny esasynda hakyky taryhy waka,ýagny şotlandiýaly matros Aleksandr Selkirkanyň adam aýagy basylmadyk bir adada ýekeje özüniň 4 ýyldan gowrak ýaşaýşy we deňizde geçiren uzak wagtly ýüzüşleri,syýahatlary çeperçilik bln beýan edilýär.bu roman oňa dünýä derejesinde at-abraý getirýär.ol rus,türkmen we beýleki dillere terjime edilýär.
Daniel Defonyň "Kapitan Singlton"(1720ý), "Polkownik Jek"(1722ý), "Roksana"(1724ý), "Kapitan Karltonyň memuarlary"(1728ý) we beýleki eserleri okyjylar tarapyndan gyzgyn garşy alyndy.
D Defo 1731ý-da aradan çykdy.