https://owrenmeli.app/19715-mandarin.html#comment
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
06.02.2022 22:12
Bulary bilýärdiňizmi?
Saglyk üçin miwedir gök önümleri iýmek möhümdir. Esasan hem, gyş aýlarynda immunitetiň peselmegi sebäpli bu önümler has köp iýilmelidir. Gyş aýlarynda ösdürilip ýetişdirilýän C witaminine baý bolan miweler dürli keselleriň öňüni almaga ýardam edýär. Bulara mandarin, pyrtykal, greýpfrut, limon ýaly miweler degişlidir. Howa sowap başlansoň bazarlarda we dükanlarda peýda bolýan mandarin diňe saglyga peýdaly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, süýji bolandygy üçin hem halanýar. Sitrus miwesi hasaplanýan mandarin A, B, C witaminlerine, kalsä, kalä, süýüme, demre we fosfora baýdyr. Mandarin pyrtykalyň aýratyn görnüşi bolup, ol mämişi ruto maşgalasyna degişlidir. Mandarin gyzylymtyl mämişi, narynç reňkli bolup, tagamy pyrtykaldan has süýji hasaplanýar. Mandarin beýleki sitrus miweleri ýaly mylaýym howa şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Onuň agajynyň ýapraklary ýylyň dört paslynda-da ýaşyl reňkini saklap, ýapraklary düşmeýär. Mandarin aprelde gülleýär we aprel, maý aýlarynda düwüp başlaýar. Güýzüne howa sowap başlanda miweleri bişýär. Mandariniň miweleriniň bişmegi gyşyň ortalaryna çenli dowam edýär. Mandarinleriň Dobaşi, Robinson, Li, Sanberst, Minneola, Sasuma, Nowa, Orri, Merkott ýaly köp görnüşi bar. Bu sitrus ösümliginiň diňe miwesi däl, eýsem, onuň ýapraklary hem-de tohumlary hem peýdalydyr. Mandariniň gabygy derini ýumşadyp, onuň ýapragyndan çaý taýýarlanýar. Bu çaý bedendäki holesterini peseldýär. Miwäniň gabygyndan ýakymly ysly sirke taýýarlanýar. Mandarin gyşyna iýlende, witaminleri we iýmitlilik gymmaty sebäpli sowuklama garşy peýdalydyr. Bu miwe immuniteti hem güýçlendirýär. Takmynan 100 gram mandarinde 53 kaloriýa bolýar. Mandariniň düzümindäki kaliniň we natriniň az mukdary gan basyşyny kadalaşdyrmaga kömek edýär.
Göz saglygyny goraýar. Miwäniň göz saglygy üçin iň möhüm tarapy karotinoid häsiýetiniň bolmagydyr. Karotinoidleriň ýeterlik sarp edilmegi göz saglygyna peýdalydyr. A witaminine baý bolan bu miwe gözdäki gan basyşyny kadalaşdyrýar.
Derini iýmitlendirýär. Käbir daşarky täsirler bedenimize zeper ýetirýär. Mandariniň düzümindäki peýdaly maddalar derini nemlendirýär. Bir wagtyň özünde ikiden köp mandarin iýmek maslahat berilmeýär.
Süňkleri berkidýär. Orta ölçegli mandarin düzüminde, takmynan 146 milligram kaliý we mineral saklaýar. Kaliý bedeniň ähli organlaryna, öýjüklerine we dokumalaryna täsir edýär. Bu mineral böwrekleriň, myşsalaryň, nerwleriň, ýürek we iýmit siňdiriş ulgamlarynyň kadaly işlemegi üçin zerurdyr. Kaliý süňküň berkligi, saglygy üçin hem möhümdir.Çeşme: Zaman gazeti
9
80