Jelaleddin Rumy(1207-1272ý)
Jelaleddin Rumy Balhda dindar alymyň maşgalasynda dogulýar.1212ý-dan başlap,gündogaryň Nişapur,Bagdat,Damask,Halap ýaly merkezlerinde ýaşapdyr.1220ý-da Rumynyň maşgalasy Konýa göçüp barýar.Seljuklar nesilşalygynyň Kiçi Aziýadaky hökümdarlygynyň howandarlygyndan peýdalanan Rumy öz döwrüniň kämil bilimini alypdyr.Onuň kakasy Konýanyň medresesinde mugallym bolupdyr.Kakasynyň ýerine mugallym bolup başlandan soň,belli sopuçylyk toparyna ýolbaşçylyk edipdir.
Jelaleddin Rumy Türkiýäniň Konýa şäherinde aradan çykypdyr.Ol pars dilinde goşgy ýazan sopy-şahyrdyr.50ýaşyna çenli sopuçylyk temasyndan şygyrlar ýazypdyr.1247ý-dan başlap,öz goşgularyny dosty Şems Tebriziniň ady bln berip başlapdyr.Rumynyň diwanyndaky gazallary we beýleki eserleri sopuçylyk şygyrýetiniň kämil nusgasydyr.Onuň şägirtleri tarapyndan ýazylyp alnan "Mesnewi" eseri has-da meşhurdyr."Alym we gämiçi" , "Ker we Hassa".