guli_
06.02.2022 14:34
Bulary bilýärsiňizmi?

Bäbeklerde 270-den gowrak süňk bar. Adam ulaldygyça, käbir süňkler birleşýär. Uly adamlaryň süňküniň sany 206-dyr.

***

Wagtyndan öň dogulan çagalaryň 54 göterimi adatça, çepbekeý bolýar.

***

Adamyň ömründe barmaklary takmynan 25 million gezek açylyp-ýumulýar.

***

Ynsan bedeninde 5 sm uzynlykdaky çüý ýasamaga ýeterlik demir bar.

***

Adamyň nerwleri muskullara garanyňda, 20 esse artyk ýük göterip bilýär.

***

Ynsan bedeniniň iň sowuk agzasy burn, iň gyzgyn agzasy bolsa bagyrdyr.

***

100 kilogram agramly adamyň bedeninde 70 kilograma golaý suw bar.

***

Asgyrmagyň tizligi sagatda 160 kilometrdir.
10
87
HoJoM
6 Fewral 2022
꧁〖『༺☆↬ツ•ᏋӺᏕᎯ𐒐Ꮛ•ツ↫☆༻』〗꧂,dogry...
꧁〖『༺☆↬ツ•ᏋӺᏕᎯ𐒐Ꮛ•ツ↫☆༻』〗꧂
6 Fewral 2022
IDEALLIDER,😁
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
6 Fewral 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
ideallider
6 Fewral 2022
Radar barka asgyrmajak bolars😋👍
Ýalnyzja
6 Fewral 2022
👏👏👏👏👏👏
꧁〖『༺☆↬ツ•ᏋӺᏕᎯ𐒐Ꮛ•ツ↫☆༻』〗꧂
6 Fewral 2022
ynsanyñ iñ güýçli çydamly süñki eñek süñki😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.