GULLIWERIŇ SYÝAHATY
1.Gulliwer liliputlaryň ýurdunda
2.Gulliwer äpetleriň ýurdunda
1.gysgaça:
Gulliwer- Angliýanyň gämi lukmany,öňem birnäçe ýurtlara syýahat eden,yzynda aýaly we Jonni atly ogly bln Betti atly gyzy galan,Gulliweriň bu gezekki münen "Antilopa" gämisi 1699ý 4nji maýynda Angliýanyň Bristol şäheriniň portunda ugraýar.Deňizde tupan turup Antilopa gämisi çym pytrak bolýar. Deňiz tolkunlary Gulliweri liliputlaryň barmak boýluja adamlaryň ýurduna getirýär.bu ýerde adamlara degişlilikde,ähli janly jandarlar hem tebigatam olaryň boýuna laýyk kiçijik ekeni.bu ýurduň kiçijik adamlary Gulliweri görüp haýran galýarlar,emma özlerni ýitirmeýärler.olar Gulliweri naharlan wagty şeraba uky dermany goşup,ony ukladýarlar we juda köpçülik adamlar üýşüp araba ýükläp,paýtagt şähere getirýärler,şäheriň iň uly binasyna salyp,aýagyny zynjyrlaýarlar.ýurduň imperatorynyň köşgünde maslahat bolýar hem-de ony öldürmän goýmaly diýen karara gelinýär.Gulliwer 6 aýlap kiçijik adamlaryň arasynda ýaşaýar.Blufesku ýurdy bln bolan söweşe gatnaşyp,liliputlara kömek edýär.emma ol söweşden soň blufeskulylara agyr salgyt salynmagyna garşy bolýar.munuň garşy çykmagy imperatora ýaramaýar we Gulliweri öldürmeli diýen karara gelýär. Gulliwer Blufesku adasynda bir ullakan gaýygy tapyp,edil özi ýalylaryň gämisine duşyp halas bolýar.
2.gysgaça:
Gulliwer 2nji syýahatynda äpet adamlaryň arasynda Brobdingneg atly ýurtda ýaşamaly bolýar.Gulliweri öz öýünde saklaýan äpetleň bir gyzjagazy gowy görýär.Gulliweri gorap saklaýar.bu habar köşge baryp ýetenden soň,ony patyşanyň köşgüne äkidýärler.patyşa aýaly bln maslahatlaşyp Gulliwer bln Gulýumdalkliç gyzjagazy alyp galýarlar.onuň üçin öýjagaz gurup berýärler,eşik tikýärler. Gulliwer ägirtleriň ýurdunda herdürli ägirt hem täsin zatlary görýär.şa aýalyň legeninde öz gämisi bln ýüzüp,özüni ýelpewaç bln ýelpeýän zenanlara hezil berýär. Birgezek bolsa patyşa maşgalasy bln gezelenje çykanda,bir ägirt uly deňiz guşy Gulliweriň jaýyny äkidip deňziň ortasyna taşlaýar.birnäçe kynçylykdan soň, Gulliwer gämä sataşyp halas bolýar.
Jonatan Swift(1667-1745ý)
Meşhur irland satirigi irlandiýanyň paýtagty Dublinde garyp maşgalada dogulýar.onuň gelip çykyşy iňlis,kakasy din işgäri bolupdyr.Jonatan Swift kakasy aradan çykansoň doglupdyr.geljekki ýazyjy 14ýaşynda uniwersitetiň kollejine okuwa girýär.1689ý-da din işgäri bolup işläp başlaýar.
Ýazyjy "Çelek hakynda erteki", "istelle üçin gündelik", "Gulliweriň syýahaty" ýaly özboluşly eserleri ýazypdyr.ömrüniň soňky ýyllary ruhy näsagly ýagdaýynda geçýär.1743ý-da onuň ýagdaýy huşuny ýitirmek derejesinde erbetleşýär we 1745ýda aradan çykýar.