Gülhan
04.02.2022 07:41
KERIM HALLYNYÑ "ERKEKLER" GOŞGUSYNA JOGAP

Zenanlar bolmasa bolmazdy erkek,
Diñe erkekler däl zenanam gerek.

Zenanlar bolmasa goşgam ýazylmaz
Zenanlar bolmasa sazam çalynmaz.

Zenanlar bolmasa akyl kim bersin
Zenanlar bolmasa sakal kim görsün.

Zenanlar bolmasa gül kime gerek
Zenanlar bolmasa sem kime gerek.

Zenanlar bolmasa urmaz ýüregiñ
Zenanlar bolmasa ýokdur geregiñ.

Zenansyz näme bäbek bolýamy
Zenan ýok ýerde tabak bolýamy?

Zenan bolmagam añsat däl, şahyr,
Zenanlarñam gornüşleri bar ahyr.

Zenan bardyr yoldaşyna ýar bolýan
Zenan bardyr yoldaşyna är bolýan.

Zenan bardyr, оl öyüni saklaýar
Zenan bardyr söýgüsini haklaýar.

Köpçülikde ýuwaş gelin bolýan bar,
Soñ öýünde oña horaz bolýan bar.

Gaýga batan wagtyñ göwnüñ göterer,
Gynanmasana diyp ýüzin güldürer.

Zenan bardyr adam eder dälini,
Zenan bardyr dälem eder adamy.

Zenansyz ýaşaman öten erkek ýok,
Zenansyz wagtyñ geçen günem ýok.

Zenanlan gadyrny biliñ entekler
Zenanca bolup bilmez Erkekler.

Igenme geleñde men ýadow diýp
Gaýtam magta seni söýýärin diýp.

Zenandyr durmuşda hemmäñ geregi
Zenanlardyr bilseñ dünýäñ ýüregi

Кerim şahyr dogry erkegem gerek
Ol erkege ýar diýp zenanam gerek

Erkegä erkekdir gerek ýerinde
zenanam zenandyr onyñ ýanynda

Garaz her kimiñ orny bar munda
Magtanmañ sizsizem ömür bar mundа.

Heleý diýýäñ Kerim peseldip ony
Heleý dälmi elten derejä seni.

Gaty görme şahyr bu bir degişme,
Bolsun diýdim adamlara gülişme.

Jennet Meredowa.
14
105
Myhman Myhman
17 Fewral 2022
Gülhan nadip adyny uytgedmelay uytgedip bilemoklay
Gülhan
5 Fewral 2022
Myrat2000(postyoka), soňky sözün yzyna alaý!
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
4 Fewral 2022
👏🏻👏🏻👏🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
ideallider
4 Fewral 2022
Myrat2000(postyoka), hemme ýerde zenanlar ýa erkekler günäkär däl. Diňe erkek ýa diňe aýal diýip saýlamak dogrulukdälmikä diýýän!!!
guli_
4 Fewral 2022
👏👏👏👏👏👏👏♥️
MissBoss♕
4 Fewral 2022
😁😁😁👍🏻👍🏻👍🏻
Gülhan
4 Fewral 2022
IDEALLIDER, heh👍🏻
ideallider
4 Fewral 2022
Гульхан, şor bolanlygynda teswir, syn berilmezdi👍
Gülhan
4 Fewral 2022
IDEALLIDER, artygyndan şor däl gerek
ideallider
4 Fewral 2022
"Soň öýünde oňa horaz bolýan bar" we "zenança bolup bilmez erkekler" iki many berýär. Duzam tagamam ýetik bolupdur😊👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.