K.Maysa02
03.02.2022 02:24
Iň­lis şa­hy­ry we dra­ma­tur­gy Wil­ýam Şeks­pir 1564-nji ýyl­da do­gul­ýar. Onuň ka­ka­sy­nyň el­lik ön­dü­ril­ýän önüm­çi­li­gi bo­lup, şä­her­de uly ab­ra­ýa eýe bo­lup­dyr. Hat­da onuň ka­ka­sy bir ge­zek şä­he­riň hä­ki­mi we­zi­pe­si­ne hem saý­la­nyp­dyr.
Wil­ýam iň go­wy ha­sap­lan­ýan gram­ma­ti­ka mek­de­bin­de okap­dyr. On­da iň­lis, la­tyn we ga­dy­my grek dil­le­ri esa­sy sa­pak­lar bo­lup­dyr. Şeks­pir 18 ýa­şyn­da­ka goň­şy po­me­şi­giň gy­zy­na öý­le­nip­dir. Onuň aýa­ly özün­den 8 ýaş uly bo­lup, maş­ga­la­nyň üç ça­ga­sy bo­lup­dyr. Wil­ýam 1587-nji ýyl­da Lon­do­na gi­dip­dir we çen bi­len 1593-nji ýyl­da R.Ber­bed­ja­nyň teatr to­pa­ry­na gi­rip, akt­ýor, re­žiss­ýor we dra­ma­turg bo­lup iş­läp­dir.Şeks­pir 1590-njy ýyl­dan 1594-nji ýy­la çen­li “Ir­ki hro­ni­ka­lar” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan – “Ri­çard III”, “Gen­rih IV”, “Tit And­ro­nik” tra­ge­di­ýa­syny, “Ke­si­ri ta­byn et­me”, “Ýal­ňyz­ly­gyň ko­me­di­ýa­sy” ta­ry­hy pýe­sa­la­ry­ny dö­red­ýär. Ol 1593-nji ýyl­da “We­ne­ra we Ado­nis”, 1594-nji ýyl­da bol­sa “Luk­re­si­ýa” at­ly so­ne­ti­ni we pýe­sa­sy­ny ýaz­ýar. Di­ňe 1592-nji ýyl­dan 1600-nji ýy­la çen­li bir­gi­den so­net (iki sa­ny dört­le­me we iki sa­ny hem üç­le­me­den yba­rat 14 se­tir­li goş­gy for­ma­sy) ýaz­ýar.Wil­ýam Şeks­pir 1595-1600-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da “Ko­rol Jon” , “Ri­çard II”, “Iki we­rons”, “To­mus gi­je­si­niň uky­sy”, “Ro­meo we Ju­lýet­to”, “We­ne­si­ýa­ly tä­jir” ýa­ly eser­le­ri­ni ýaz­ýar. Şu dö­wür­de Şeks­pi­riň dö­re­di­ji­li­gi­niň üs­ti “On iki gi­je”, “Hiç zat­dan köp gal­ma­gal”, “Wind­zo­ryň ga­ra­go­ly” ýa­ly ko­me­di­ýa­la­ry bi­len dol­du­ry­lýar. 1600-nji ýyl­la­ryň baş­la­ryn­da Şeks­pi­riň dö­re­di­ji­lin­de öz­ge­riş bo­lup geç­ýär: onuň üçin baş žanr tra­ge­di­ýa bol­ýar. Şeks­pir 1608 -1614-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da “Gam­let”, “Otel­lo”, “Ko­rol Lir”, “Mak­bet” ýa­ly özü­niň iň go­wy eser­le­ri­ni dö­red­ýär:Be­ýik dra­ma­turg özü­niň dö­re­di­ji­lik ýo­lun­da 17 ko­me­di­ýa, 11 tra­ge­di­ýa, 5 poe­ma, 150-den gow­rak so­net, 10 tö­we­re­gi hem hro­ni­ka ýa­zýar.Ba­sym Şeks­pir nä­bel­li se­bäp­le­re gö­rä, ots­taw­ka gid­ýär we Lon­dan­dan öz öýü­ne do­la­nyp, maş­ga­la­sy­nyň ýa­nyn­da dur­mu­şy­nyň iň soň­ky gün­le­ri­ni ge­çir­ýär. Onuň şu dö­wür­de nä­hoş­lan­dy­gy çak edil­ýär. Onuň 1616-njy ýy­lyň 15-nji mar­ty diý­lip se­ne­le­nen we­si­ýet­na­ma­sy ju­da düş­nük­siz. Be­ýik dra­ma­turg 1616-njy ýy­lyň 23-nji ap­re­lin­de ara­dan çyk­ýar. We­s­ýet­na­ma la­ýyk­lyk­da, onuň je­se­di Strad­ford­da­ky but­ha­na­nyň go­la­ýyn­da jaý­la­nýar.

6
84
olia
15 Fewral 2023
Shakespeare bolandygy we bolmadygy ullakan jedelleri doredya hali bugunlerem. Sho temada post goyasym geldi yone dushunjek az bolar diyip gorkyan😑
ylham_gurbanaly
8 Fewral 2022
Öz doglan gününde aradan çykýar
Myhman Myhman
7 Fewral 2022
Romeyi juliyetta romanyn rur
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.