Käwagt çözgütler has ýönekeýdir.
Diş pastasy zawodynyň önümçilik bandynda näbelli bir näsazlyk sebäpli diş pastasy turbasy käbir gutulara diş pastasy salmazdan gaplansoň
şikaýatlar artyp başlaýar.
Dolandyryş,
18 million dollara goşmaça desga gurmak bilen, köp abraýynyň gaçmagyna sebäp bolan "boş guty" meselesini çözýär.
Ösen tehnologiýa programma üpjünçiligi bilen, gaty duýgur elektron şkalasy gaplanylmanka her bir gutyny agramlaýar, agyrlygyndan has az duýulsa,
duýduryş ýaňlanýar we bandy saklaýar, işgär gelip bantdan boş gutyny alýar we desgany täzeden işe göýberýän eken.
Müşderi arz-şikaýatlary derrew kesilipdir, baş direktor gaty kanagatlanypdyr, desga ilkinji hepdelerde günde onlarça boş gutyny tertipläpdir we 3 hepdeden soň boş gutular ýok bolupdyr.
Bu ýagdaý bilen gyzyklanyp, baş direktor
18 million dollarlyk takyk ölçeg enjamy ýerleşdirilen ýere gelipdir.
Ol desgadan biraz öňde ýerleşdirilen, boş gutylary üfläp bantdan daşary çykarýan
wentilýatory görüpdir.
İşgärini çagyryp "Bu...Bu näme?.." diýip sorapdyr,
"Jenap ony biz goýduk.." diýip jogap beripdir işgär.
"Garşa garşa bizar edip duýduryş ýaňlanmasyn we bant durmasyn diýip biziň şägirt ýerleşdiripdir ony ol ýere!"
Käwagt soraglaryňyzyň we meseleleriňiziň çözgüdi pikir edişiňizden has aňsat we tygşytly bolup biler. Şol sebäpli näçe bilseňiz biliň, ýöne
hemişe maslahatlaşmagy dowam etdiriň ...