Edebiýat boýunça Nobel baýragy: 1969ý.
✳️🔹️✳️🔹️✳️
1969ý ahyrlary Bekketiň bary-ýogy 35sekunt dowam edýän hemde iň gysga pýessa hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen "Nepes" ("Breath") atly sahna eseridir.
Semýuel Barkli Bekket (1906-1989)
Fransuz we irland ýazyjysy,şahyry hemde dramaturgy edebiýata modernizm şahasyny girizen hemde "absurd teatryny" esaslandyranlaryň(Ežen Ionesko bln bir hatarda) biridir.XXasyr dünýä dramaturgiýasynyň nusgawy eserleriniň biri hasaplanýan ✴️"Godota göz dikip garaşmak"✴️("Waiting for Godot") atly sahna eseri hem dünýä meşhurlygyny gazanýar.1969ýda Nobel baýragyna mynasyp bolan bu ýazyjy ömrüniň aglaba bölegini Parižde ýaşap,eserlerini iňlis we fransuz dillerinde ýazypdyr.
Semýuel Barkli Bekket 1906ý 13aprelinde irlandiýada,dubliniň şäher eteginde ýerleşýänforkskork obasynda dünýä inýär.Kakasy Wilýam Frenk Bekket fransuz asylly barly protestant maşgalasyndan gelip çykypdyr.Geljekki ýazyjynyň çagalygy Foksrokda geçýär.Sporta ýykgyn edýän çaga bolup ýetişýär.protestant terbiýesinde ýetişdirilýär.ilki öýde tälim alýar,9ýaşa ýetende Dublindäki "Erlsfort" mekdebinde okap başlaýar.1920ýda 14ýaşynda Bekkete demirgazyk irlandiýanyň Enniskillen şäherinde ýerleşýän Portoryň Şa mekdebiniň okuwçysy bolmak miýesser edýär.1923ýda Dublindäki Triniti kollejine okuwa girýär.bu ýerde ýokary depginde ýewropa edebiýaty bln birlikde fransuz - italýan dillerini hem öwrenýär.Triniti kollejinde Bekket roman dilleeiniň professory Tomas Rodmouz Braun bln tanyşýar.
1925-1926ý aralygynda Bekket köp syýahat edýär,ilkinji gezek fransiýa we italiýa aýlanyp görýär.1927ý Parižde " Ýokary mugallymçylyk mekdebi"kollejinde iňlis dili mugallym bolup işe başlaýar.1929ýda parižde Bekket öziniň geljekki we ömürlik aýaly Sýuzan Deşewo Dýumenil bln tanyşýar.Jeýms Joýsuň goldawy bln döredilen žurnallaryň birinde özüniň ilkinji edebi synanşygyny ýagny "Dante... Bruno.Wiko... Joýd" atly tankydy eserini we "Ýokary göterilme" atly ilkinji hekaýasyny çap etdirýär.
1933ý kakasy duýdansyz aradan çykansoň,Bekket şeýlebir göwnüçökgünlige düşýär welin otly köýnek geýen dek halys ynjalygyny ýitirýär.Birnäçe wagt ejir çekmegini dowam edýär.
1939ýda 2nji jahan urşy başlanmagy bln urşy we agyr geçiren ýyllaryň ýowuz tejribesini ýazyjy özüniň kyssa görnüşinde ýazan "Wot"(Watt) eserine siňdirýär.diňe 1953ýda çapdan çykan bu eseri ýazyja döredijiliginde öwrülişik bolýar.
Ýazyjynyň uruşdan soňky üstinlikleri 1946-1969ý, "Mersýe we Kamýe" "Molloý" "Malon amanadyny tabşyrýar" "Atsyz" ýaly proza eserleriniň we gysga nowellalaryň üstünde işleýär.
1969ý ahyrlary Bekketiň bary-ýogy 35sekunt dowam edýän hemde iň gysga pýessa hökmünde "Nepes" ("Breath") atly sahna eseri Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilýär.
Ýazyjy ömriniň ahyrky ýyllaryny öýünden çykman geçirýär.hatda öz döredijiligi dogrusynda gürrüň bermekden hem gaça durýar.Semýuel Bekket aýaly Sýuzandan birki aý soň,1989ý 22dekabrynda Parižde 83ýaşynda aradan çykýar.
Dünýä Edebiýaty