❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
31.01.2022 08:37
«Gowynyň gadyryn bilsinler!» diýip,
Erbetlik diýen zat döränmiş kem-kem.
Hemmeler Gowynyň gadyryn bilse –
Erbetlik äleme inmejek eken.

«Ýaşlygyň gadyryn bilsinler!» diýip,
Gojalyk ýerinden turanmyş kem-kem.
Hemmeler ýaşlygyň gadyryn bilse –
Gojalyk gojalyp öljegem eken.

«Söýginiň gadyryn bilsinler!» diýip,
Hasrat gözlerini açanmyş kem-kem.
Hemmeler Söýginiň gadyryn bilse –
Hasrat ukudanam turmajak eken.

«Saglygyň gadyryn bilsinler!» diýip,
Kesel diýilýän zat döränmiş kem-kem.
– Hemmeler Saglygyň gadyryn bilse,
Äleme inmezdim – diýýärmiş – Kesel.

«Adamyň gadyryn bilsinler!» diýip,
Gaharlanyp Ölüm inenmiş Ýere.
Her kim bir-biregiň gadyryn bilse –
Ölüm gelen ýerne gitjekmiş ýene.

Kerim Gurbannepesow
9
29
guli_
31 Yanwar 2022
🌼🌼🌼🌼🌼🌼🌼🌼🌼
Ýalnyzja
31 Yanwar 2022
👏👏👏👏👍👍👍👍
N.T.
31 Yanwar 2022
Proger,dogry menem señ bn ylalashýan kerim hally bilenem😁😉
Proger
31 Yanwar 2022
Yok yok ussatlar hic mahal yalnysmayarlar diyara kerim hally ylalasyan son bilen ussatlar hic wagt yalnysmazlar
N.T.
31 Yanwar 2022
Kerim şahyr dogry zady ýazypdyr🙂👏👏👏👍👍👍👍👍
Proger
31 Yanwar 2022
❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.