E-poçtasy ýoklugy sebäpli üstünlik gazanan adamyň hekaýasy - Meniň mümkinçiligim
Bir adam
Microsoft kompaniýasyna işe girmek üçin gürleşmäne gidýär. Girjek bolýan işi hem, hajathana arassalaýjylygy. Ýolbaşçylar bilen gürleşip, dykylan hajathanany arassalaýar we synagdan geçýär.
İB müdiri adama synagdan geçendigini we haýsy gün we haýsy wagtda işe başlamalydygyny e-poçta arkaly iberiljekdigini aýdýar. Bu adam kompýuteriniň ýokdugyny, şonuň üçinem e-poçta ulanmaýandygyny düşündirýär.
İB müdiri:
"Bagyşlaň, ýöne e-poçtaňyz ýok bolsa, siz wirtual taýdan ýok hasap edilýärsiňiz we şol sebäpli sizi işe alyp bilemizok" diýýär.
Ol adam umytsyz daşary çykýar we näme etmelidigi hakda pikirlenip, jübüsindäki 10 dollar bilen 20 kilo ülje satyn almak kararyna gelýär.
Öýme-öý gezip üljäni satýar we 2 sagadyň içinde puluny
iki esse köpeldýär. "Şeýdip, çöregimi tapyp bilerin" diýip her gün ir turup, öýden-öýe aýlanyp ülje satýar.
Soň bolsa kiçijik awtoulag alyp, satmagyny dowam etdirýär. Az salymdan bolsa, uly ýük awtoulagyny we ýene-de birnäçe kiçi ýük awtoulaglaryny ýene alýar.
5 ýyl geçýär .. Bu adam häzirki wagtda Amerikadaky iň uly ýük daşaýan kompaniýalarynyň biriniň eýesidir.
Bir gün maşgalasynyň geljegi hakda pikirlenip, ätiýaçlandyryş almak isleýär. Ätiýaçlandyryş kompaniýasy ondan e-poçta salgysyny soraýar.
E-poçta ulanmaýandygyny aýdanda, ätiýaçlandyryjy:
"Täsin, e-poçtaňyz bolmazdan uly bir kompaniýa açdyňyz. Birem E-poçtaňyz bolan bolsady nämeler ederdiňiz?" diýýär.
Adamyň beren jogaby şeýle bolýar:
"Eger E-poçtam bolan bolsady, şu wagt Microsoft-da hajathana arassalaýardym".