Ýazyjy bln Suratkeşiň bilelikde döreden eseri.
Rene Gossini bilen Žan Žak Sempe "KIÇIJIK NIKOLA" eseri bilelikde ýazýar.
ilki eser hakda gysgaça okalyň
Siz Parižiň islendik kitap dükanyna girseňiz,onuň tekjelerinde iň bolmanda Nikola atly oglanjyk hakyndaky hekaýalaryň birjejigini görersiňiz.Nikola hakyndaky hekaýalar geçen asyryň 50nji ýyllaryndan okyjylara ýetirilip başlanýar,ondan bäri 72ýyl geçsede ,fransuz çagalarydyr ýetginjekleri Nikola hakyndaky gülkili hekaýalary häli häzirem hezil edip okaýarlar.Çagalaryň söýgili gahrymany kiçijek Nikolanyň dünýä inmeginde meşhur ýazyjy Rene Gossininiň hemde ussat suratkeş Žan Žak Sempäniň hyzmaty örän uly.Meşhur terjimeçileriň ýardamy bln bolsa Nikola dünýäniň 37diline terjime edildi.Ussat fransuz ýazyjysy,ençeme gülkili hekaýalaryň awtory Rene Gossininiň hemde meşhur suratkeş we ýazyjy Žan Žak Sempäniň Nikola hakyndaky hekaýalary ilkinji gezek türkmen diline terjime edildi.(12.2021ý.geçen dekabr aýy,Dünýä Edebiýaty žurnaly.)
Rene Gossini✍️
Fransuz ýazyjy 1926ý 14awgustynda asly ýewreý maşgalada dogulýar.Rene iki ýaşyndaka onuň maşgalasy kakasynyň işi bln bagly Argentina göçýär.Ýazyjy ol ýerdäki fransuz mekdebinde bilim alýar.Rene ýaňy mekdebi tamamlan wagty kakasy aradan çykyp,maşgalanyň eklenji onuň üstüne düşýär.ol ejesi bln garyndaşlarynyň ýanyna Nýu Ýorka göçmeli bolýar.dürli işlerde kömekçi bolup işleýär.şol ýyllarda "Kunen Publishers"atly kiçeňräk neşirýatyň esasy suratkeşi bolup,oňa meşhur komik ýazyjylary bln işleşmek miýesser edýär.Soňlugy bln onuň özi gülkili hekaýalary ýazyp,çagalar üçin niýetlenen fransuz žurnallarynda çykyp başlaýar.Oňa uly şöhrat getiren eseri suratkeş hem ýazyjy Žan Žak Sempe bln bilelikde ýazan Nikola atly oglanjyk hakyndaky hekaýalarydyr.Bu hekaýalar dürli ýyllarda "Kiçijik Nikola"1960ý. "Kiçijik Nikola arakesmede"1961ý. "Kiçijik Nikola dynç alyşda"1962ý. "Kiçijik Nikola we onuň dostlary"1963ý. "Nikolanyň basdaşlary"1964ý. ýaly ýygyndyda okyjylara ýetirilýär. Rene Gossini 51ýaşynda 1977ý.da aradan çykýar.1996ýda Gossini adyndaky halkara baýrak döredilip,her ýyl ýaş komiks(gülki degişme) ýazyjylarynyň iň gowylaryna gowşurylýar.
Žan Žak Sempe✍️
Fransuz suratkeşi-karikaturaçysy,ýazyjy 1932ý 17awgustynda Bordo şäherinde dünýä inýär.Çagalykdan eklenç başyna düşýär.ol entek 18ýaşyny doldurmanka,gezme söwda agenti,eltip beriji,şertnama boýunça harby gullukçy ýaly işlerde işleýär.1952ýda paýtagt Pariže göçüp gelýär.ol ýerde Rene Gossini bln tanyşýar.ýaş suratkeşleriň bäsleşigine gatnaşyp,birnäçe abraýly baýraklara mynasyp bolýar.birnäçe gezek "The New Yorker" žurnalynyň bezeg işlerini edýär. Ýazyjy: "hekaýalaryň wakalaryny tapýan we ýazýan Rene,men bolsa suratlar bln bezeýärin" diýse_de,hekaýalary ýazmaga-da gatnaşýar.1977ýda Rene aradan çykandan soň hekaýalary ýagmagy özi dowam edýär Žan Žak Sempe.dürli ýyllarda onuň şahsy sergisi gurnaldy.
Bir bellik ikisi hem awgust aýynda doglan 14i we 17si.